Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Nawalnynyň tarapdarlarynyň saýlaw boýkoty protestinde onlarça adam tussag edildi


Moskwaly protetçiler. 28-nji ýanwar, 2018.

28-nji ýanwarda bütin Orsýet boýunça saýlaw boýkotyny goldamaga çykan onlarça adam, şol sanda oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyý tussag edildi.

Korrupsiýa garşy göreşiji twitterde merkezi Moskwada müňden gowrak protestçä goşulanyndan soň, özüniň tussag edilendigini habar berdi.

Demonstrasiýasylaryň käbiri "Saýlawlary boýkot et" diýip gygyrsa, başgalary "Putinsiz Orsýet" diýen şygara gyrgyrýar.

Orsýetliler Wladimir Putiniň liderligi astynda ýene bir alty ýyl ýaşamak ähtimallygyny halamaýarlar we 28-nji ýanwarda, Alekseý Nawalnyny goldap, saýlawlary boýkot etmäge çagyrmak üçin ýurt boýunça proteste başladylar.

Häkimiýetler kanuny bozan diýip hasaplanan demonstrasiýaçylara berk çäre görjekdiklerini duýdurdylar.

Orsýet: Nawalnyý saýlaw protestleri mahalynda tussag edildi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:22 0:00

Nawalnyý, korrupsiýa garşy göreşiji we oppozisiýa lideri, maliýe jenaýatçylygy sebäpli 18-nji martda geçiriljek saýlawlarda bäsleşmek hukygyndan kesilenden soň, saýlawlary boýkot etmäge çagyrdy.

Nawalnynyň tarapdarlary onuň saýlawda dalaşgär bolmakdan kesilmegini Kreml tarapyndan görlen ar alyş çäresi hasaplaýarlar.

Nawalnynyň protestleri göni alyp görkezýän YouTube kanalynda aýdylmagyna görä, onuň tarapdarlary eýýäm Sibiriň birnäçe şäherinde, şol sanda Omsk, Wladiwostok, Nowosibirsk, Tomsk, Irkutsk, Magadan, Ýakutsk, Kemerowo, Kurgan we Barnaul şäherlerinde ýygnandylar

Uzak Gündogardaky Wladiwostok şäherinde toplanan ýüzlerçe adam “Men saýlawa diňe ol ýerde saýlaw, seçgi bolan halatynda bararyn”, "Putin Orsýetiň geljegini ýalmap-ýuwudýar” diýen ýazgyly plakatlary göterdiler.

Şeýle-de, Çelýabinskiniň Uralsk şäherinde, Wolga derýasynyň boýundaky Samarada protestler guraldy.

Nawalnyý öz Moskwadaky tarapdarlaryny, häkimiýetleriň bu ýerde ýygnanyşyk geçirmäge rugsat bermeýändigine garamazdan, şäheriň merkezi köçelerinde toplanmaga çagyrdy.

Planlaşdyrylan ýygnanyşykdan öň polisiýa Nawalnynyň Moskwadaky edarasyna gelip, ol ýerdäki adamlary soraga çekdiler diýip, onuň goldawçylary aýtdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG