Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä Halkara Holokost ýatlama gününi belledi


ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson ýewreýleriň hormatyna dikilen ýadygärlige gül goýdy.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson ýewreýleriň hormatyna dikilen ýadygärlige gül goýdy.

Ikinji Jahan urşundaky Holokost gyrgynçylygyndan aman galan garrylar we syýasy liderler 27-nji ýanwarda Oswensimde, ozalky ölüm lagerinde toplanyp, nasistik gyrgynçylygyň Halkara Holokost ýatlama gününi belleýän dünýä duýduryş bolup hyzmat etmegini dowam etdirmelidigini nygtadylar.

Ýatlama çäreleri Oswensimiň azat edilmeginiň 73-nji ýyl dönüminde, gün ýaşanynda, ýewreý şenbesi tamam bolandan soň, Polşanyň günortasynda geçirildi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson Polşanyň paýtagty Warşawada Warşawa gettosy diýlip at berlen ýerde german güýçlerine garşy baş galdyran ýewreýleriň hormatyna dikilen ýadygärlige gül çemenini goýdy.

XS
SM
MD
LG