Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulda söweşijileriň hüjüminde 11 harby wepat boldy


Partlamanyň netijeleri, Kabul, 28-nji ýanwar, 2018

Owganystanyň Goranmak ministrligi söweşijileriň Kabulyň esasy harby akademiýasynyň golaýyndaky harby binasyna eden hüjüminde 11 harbyny öldürendigini we 16 adamy ýaralandygyny habar berdi.

Ministrligiň metbugat-wekili Dawlat Waziri 29-njy ýanwarda Marşal Fahim harby akademiýasynyň goragyna jogapkär güýçlere garşy amala aşyrylan hüjüme bäş söweşijiniň gatnaşandygyny habar berdi.

Waziriniň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, iki hüjümçi özlerini partladypdyr we beýleki ikisi ok atyşykda öldürilipdir, ýene biri ele salnypdyr.

“Yslam döwleti” (YD) atly söweşiji topar hüjümde eliniň bardygyny aýtdy.

Mundan birnäçe gün öň içine partlaýjy serişdeler goýlan tiz kömek ulagynyň partladylmagy zerarly azyndan 103 adam wepat boldy. Şol hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” topary öz üstüne aldy.

Hüjümiň yzýany ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ekstremist topara garşy ähli ýurtlary “aýgytly herekete” çagyrdy.

XS
SM
MD
LG