Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AŞTU proksi ulanyjylarynyň internetini kesýär


Türkmenistan dünýädäki iň gymmat we haýal internet hyzmatly ýurtlarynyň arasynda agzalýar.

Aşgabat şäher telefon ulgamynyň (AŞTU) internet müşderileri proksi serwerleri arkaly petikli saýtlara girjek bolanlarynda, özleriniň WiFi internet arabaglanyşygynyň kesilýändigini aýdýarlar.

“Geçen hepde, ýagny ýanwaryň 23-nden 24-ne geçilýän gije AŞTU-nyň internet arabaglanyşygynda bökdençlikler döräp başlady. Şol pursat, tehnikler muny umumy profilaktka işleriniň geçirilýändigi bilen düşündirdiler. Emma ertesi gün proksi serwerleri arkaly [Türkmenistanda petikli] Facebook, Instagram ýaly sosial ulgamlaryna giriljek bolnanda, internet asla-da kesildi duruberdi” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly bir talyp gürrüň berdi.

Aşgabat şäher telefon ulgamynyň tehniki bölümine jaň edilende bolsa, degişli resmiler: “Siz näme proksi ulanýarsyňyzmy? Ýene ulansaňyz internetiňizi düýbünden keseris” diýip haýbat atypdyrlar.

Galyberse-de, AŞTU ýokarky ýagdaýlar boýunça Azatlyk Radiosyna nähilidir bir maglumat ýa düşündiriş bermekden ýüz öwürdi.

Türkmenistan media erkinligine gözegçilik edýän halkara guramalarynyň hasabatlarynda ýyldan-ýyla iň ýaramaz orunlarda ýerleşdirilip gelinýär; “Serhetsiz reportýorlar” guramasy bolsa, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy “Internetiň ganym duşmany” diýip atlandyrdy.

Dünýäde iň gymmat we haýal internet hyzmatlarynyň bardygy aýdylýan Türkmenistanda Facebook, Twitter, Wkontakte ýaly sosial ulgamlaryň we garaşsyz maglumatlary çap edýän, şol sanda Azatlyk Radiosynyň websaýtlary hem petikli bolmagynda galýar.

Bu ýagdaýlardan çykalga hökmünde, türkmen internet ulanyjylary proksi serwerlerinden peýdalanyp, häkimiýetleriň petiklän saýtlaryna, sosial ulgamlaryna girip başladylar. Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri bilen söhbetdeş bolan tehniki hünärmenler, häkimiýetleriň soňky hereketleriniň proksi serwerleriniňulanylmagynyň öňüni almak, bu onsuz hem berk gözegçilikde saklanýan

Şol bir wagtda, türkmen resmileri Türkmenistanda informasion Internet saýtlarynyň petiklenýändigi baradaky maglumaty ret edip, diňe “pornografiýa maksatly” diýip, häsiýetlendiren saýtlaryna girişleriň ýapylýandygyny öňe sürýärler.

Mundanam başga, Türkmenistanyň metbugat hakyndaky kanunynda, senzuranyň gadagan edilýändigine garamazdan, türkmen prezidenti hökümet mejlislerinde žurnalistleriň we çeper döredijilik wekilleriniň wezipesiniň ýurtda gazanylandygy aýdylýan üstünlikleri “giň beýan etmekden ybaratdygyny” gaýta-gaýta ýatladyp durýar. Döwlet mediasynda görkezilýän tas ähli reportažlarda diýen ýaly Berdimuhamedow dabaralanyp, oňa alkyşlar okalýar.

Şeýle-de, türkmen häkimiýetleri daşary ýurt habar serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk saklaýanlary, graždan aktiwistlerini we öz pikirini aýtmaga gaýrat tapýanlary yzarlamagyny we olara basyş etmegini dowam etdirýär. Resmiler ilatyň alternatiw habarlary almak üçin ulanan hemra antennalaryny aýyrmak boýunça hem kampaniýany başlatdylar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG