Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti Kabuldaky hüjümler sebäpli Owganystanyň prezidentine gynanç bildirdi


Türkmenistanyň we Owganystanyň prezidentleriniň suratlary we döwlet baýdaklary türkmen-owgan serhedinde, Ymamnazar
Türkmenistanyň we Owganystanyň prezidentleriniň suratlary we döwlet baýdaklary türkmen-owgan serhedinde, Ymamnazar

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Kabulda bolan terraktyň adam pidalary sebäpli Owganystanyň prezidentine gynanç bildirdi.

Türkmenistanyň prezidenti ýurduň halkynyň we hökümetiniň adyndan we öz adyndan wepat bolanlaryň maşgalalaryna, hossarlaryna we ýakynlaryna duýgudaşlyk bildirdi diýip, ýurduň milli mediasy Kabulyň diplomatik kwartalynda bolan we jogapkärçiligi “Talyban” topary tarapyndan öz üstüne alnan partlama bilen baglylykda 29-njy ýanwarda habar berdi.

Owgan resmileri 27-nji ýanwarda içine partlaýjy serişdeler goýlan tiz kömek ulagynyň partladylmagy zerarly azyndan 103 adam wepat bolandygyny we hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” toparynyň öz üstüne alandygyny habar berdiler.

29-njy ýanwarda Kabulda Marşal Fahim harby akademiýasynyň goragyna jogapkär güýçlere garşy amala aşyrylan hüjümde azyndan 11 harbynyň wepat bolandygy habar berildi.

XS
SM
MD
LG