Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew ýurduň günortasynda hökümet güýçleriniň bir esgeriniň öldürilendigini aýdýar


Ukrainanyň howpsuzlyk güýçleri
Ukrainanyň howpsuzlyk güýçleri

Ukraina ýurduň gündogarynda bolan çaknyşyklarda hökümet güýçlerinden bir esgeriň ölendigini we başga-da iki sanysynyň ýaralanandygyny aýdýar.

31-nji ýanwarda ukrain Goranmak ministrligi Russiýa tarapdar separatistleriň ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygy soňky 24 sagadyň dowamynda üç gezek bozandygyny we pulemýotlar, granatomýotlar we minomýotlar bilen ot açandygy mälim etdi.

Bu aralykda, separatistler ukrain hökümet güýçleriniň Dokuşaýewsk şäherçesine hüjüm edip, bäş gatly jaýdaky bir kwartira zeper ýetirendigini öňe sürdüler.

2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Kiýewiň güýçleri bilen Donetks we Luhansk regionlarynyň käbir böleklerine kontrollyk edýän Russiýa tarapdar separatistleriň arasyndaky söweşde 10,300-den gowrak adam öldi.

XS
SM
MD
LG