Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda benzin 50% gymmatlady


Benziniň häzirki gymmatlamagy barada döwlet mediasynda hiç hili maglumat berilmedi.

Türkmenistanda benziniň bahasy gymmatlady. Mundan beýläk A-95 markaly ýangyjyň 1 litriniň bahasy 1,5 manatdan satylar. Ozal bu 1 manada deňdi. Ozal 94 teňňeden satylan A-92 markaly benzin indi 1,35 manatdan satylar.

Çarşenbe güni giçlik Aşgabadyň, Ahalyň, Daşogzyň ýag-ýangyç guýujy stansiýalarynda ulaglaryň uly nobatlary emele gelip başlady. Adamlar benzin gymmatlamazdan ozal, ýangyjy almaga howlukdylar.

Paýtagtyň 30-njy mikroraýonyndaky ýangyç guýujy stansiýasynda çarşenbe güni giçlik azyndan 60-70 ulag ýygnandy. Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleriniň aýtmagyna görä, ýangyç guýujy stansiýalarda polisiýanyň we howpsuzlyk gullugynyň işgärleri gözegçilik etdiler.

Daşogzyň ýangyç guýujy stansiýalarynda bolsa, çarşenbe güni her ulaga 10 litrden artyk benzin berilmedi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelende awtoulagly adamlara belli bir möçberde mugt benzin eçilipdi. Ýöne benzin mugtçulygy 2008-nji ýylda, şol wagta çenli bir bulgur gazly suwdan hem arzan bolan benziniň 8 essä golaý gymmatlamagy bilen utgaşdyryldy.

Emma soň, 2014-nji ýylyň aprelinde mugt benzin ýatyryldy, 2015-nji ýylyň başyndan bolsa benziniň bahasy 60 prosent çemesi gymmatlady. Şonda, A-95 markaly ýangyç 1 manat, A-92 bolsa - 94 teňňe bahalanmaly edildi.

Benziniň häzirki gymmatlamagy barada döwlet mediasynda hiç hili maglumat berilmedi.

Galyberse-de, häkimiýetleriň bu soňky ädimi geçen ýylyň noýabrynda ilata ozal mugt berlen gazyň, suwuň, toguň tölegli hasaba geçirmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Şol pursat, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu kararyny ilatyň “hal-ýagdaýynyň gowulanandygy” bilen düşündiripdi. Şol bir wagta, häzir Türkmenistanyň garaşsyzlygyny alanyndan bäri iň agyr ykdysady krizisi we nagt puluň ýetmezçiligini başdan geçirýändigine üns çekilýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG