Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan resmileri: Ýurduň günortasynda ‘Talybanyň’ 83 söweşijisi öldi


Owgan howpsuzlyk güýçleriniň agzalary

Owganystanyň howpsuzlyk resmileri 31-nji ýanwar gijesi ýurduň aňtaw gulluklarynyň Gandahar welaýatynda geçiren operasiýalarynda “Talybanyň” 83 söweşijisiniň öldürilendigini aýdýarlar.

Maýwand etrabyndaky harby operasiýalaryň başlygy Sultan Mohammadyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna 1-nji fewralda beren maglumatyna görä, howa zarbalary bilen goldanylan operasiýalarda söweşijileriň onlarça ulagy we motositkli hem ýok edilipdir.

“Owgan güýçleriniň Gandahar welaýatynyň Panjwaý we Maýwand etraplaryndaky barlag postlaryna sazlaşykly hüjümleri amala aşyrmak üçin söweşijileriň topary bir ýere ýygnanypdy” diýip, Mohammad owgan güýçleriniň arasynda ýitgileriň bolup-bolmandygy barada hiç zat aýtmady.

“Talyban” topary bu operasiýalar barada häzirlikçe kommentariý bilen çykyş etmedi.

Soňky hepdelerde owgan paýtagtynda ýowuz hüjümleriň birnäçesi amala aşyryldy. 27-nji ýanwarda janyndan geçeniň amala aşyran ulagly bomba hüjüminde 100-den gowrak adam öldürilip, bu hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” topary öz üstüne alypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG