Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň Täjigistana degişli böleginiň gurluşygy başlandy


Türkmenistanyň "Şatlyk" gaz ýatagy (Ilýustrasiýa)

Täjigistanda Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň bu ýurda degişli böleginiň gurluşygy başlandy. Habar serişdeleriniň Täjigistanyň energetika we suw resurslary ministri Jamşed Şoimzoda salgylanyp, habar bermeklerine görä, gaz geçiriji proýektiniň Täjigistana degişli böleginiň proýektirlenmeginden soň, işiň käbir bölekleri, şol sanda taýýarlyklar Rudaki etrabynda başlanypdyr.

“Proýekt boýunça hiç hili problema ýok we Täjigistanyň böleginde gaz geçirijiniň gurluşygy iş ýüzünde maliýeleşdirilmegine laýyklykda alnyp barylar. Öň proýekt Täjigistan we Hytaý derejelerinde yza tesdirilmeli bolupdy” diýip, “CA-News” neşri Şoimzodany sitirleýär.

Habar berlişine görä, gaz geçirijiniň gurluşygy barada hökümetara ylalaşygyna 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda gol çekilipdi.

Gaz geçirijiniň gurluşygynyň düýbüni tutmak boýunça dabara 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda geçirilipdi. Emma onuň durmuşa geçirilmegi yza tesdirilipdi. Gaz geçirijiniň Täjigistana degişli böleginiň bahasy 3.2 milliard dollar derejesinde görkezilýär.

XS
SM
MD
LG