Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen migrant zenanyny atyp öldürmekde şübhe bildirilýän tutuldy


Türkiýäniň Stambul şäheri

Türkiýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, türkmenistanly iki zenanyň sözi azaşmagy sebäpli olaryň biriniň söýgülisiniň beýleki zenany atyp öldürendigi habar berilýär.

Türkiýäniň "Star" gazetiniň ýazmagyna görä, Stambulyň Eýüp etrabynda ýaşaýan Altyn Demir atly türkmenistanly zenany öz türkmen söýgülisine äsgermezçilikli söz aýdandygy üçin, öldürmekde güman edilýän adam saklanypdyr.

Gazet 29-njy ýanwarda Altyn Demir atly türkmenistanly migrant zenanyň ýaşaýan öýünden tüpeň sesi çykmagyndan soň, goňşylarynyň polise habar berendigini ýazýar. Wakanyň bolan ýerine gelen polisler türkmenistanly zenanyň atylyp öldürilendigini anyklaýarlar.

Jenaýat bilen baglanşykly gözläp-agtaryş işini başladan türk polisi Altyn Demir atly türkmen migrant zenanynyň öýüne hadysanyň öňýanynda, onuň jorasynyň söýgülisi bolan Serkan Y. atly adamyň gelendigini anyklaýar.

Stambulda işläp ýören käbir türkmen zähmet migrantlarynyň aýtmagyna görä, atylyp öldürilen 39 ýaşyndaky Altyn Demir atly türkmen zenany baýramalyly bolmaly we ol bir türk raýaty bilen "galp ýagdaýda" nikalaşan. Ony öldüren adamyň söýgülisi bolan türkmen zenan bolsa, Lebap welaýatyndan. Öldürilen türkmen zenany Stambulyň Eýüp etrabynyň Esentepe mähellesiniň Ýalçynkaýa köçesinde ýaşaýar ekeni.

Azatlyk Radiosyna maglumat beren bir polis çeşmesiniň aýtmagyna görä, waka 29-njy ýanwarda, gije sagat 22.00 töwereginde bolupdyr. Şonda 35 ýaşyndaky Serkan Y. atly adam türkmen söýgülisiniň jorasynyň öýüne baryp, onuň bilen dawalaşmaga başlapdyr. Dawa ula ýazandan soň, Serkan Y. ýanyndaky tüpeňi bilen türkmenistanly zenany atypdir. Soňra ol ýanyndaky iki adam bilen wakanyň bolan ýerinden gaçyp gidipdir.

Daş-töwerekdäki howpsuzlyk kameralarynyň surata düşüren wideo şekillerine seredip, güman edilýänleriň kimdigini anyklan türk polisi türkmen migrant zenanyny öldürmekde güman edilýän Serkan Y, atly adamy Eýüp etrabynyň Çyrçyr mähellesinde köçede alkogolly içgi içip otyrka ele salypdyr. Ondan soň polisler jenaýat mahaly onuň ýanynda bolan Aýdogan Ö. we Nizam Ö. atly iki ýoldaşyny hem tapypdyr.

Jenaýatda aýyplanýan Serkan Y. polisdäki soragda "Ol türkmen söýgülimiň jorasydy. SMS arkaly söýgülime äsgermezçilikli sözler aýdandygyny öwrendim. Ondan soň men gahar-gazap bilen onuň öýüne gitdim we dawa ula ýazandan soň ony tüpeňledim. Ýöne, ony öldürmek islemändim" görnüşinde düşündiriş beripdir.

Azatlyk Radiosyna maglumat beren hassahana çeşmeleri Tiz kömek işgärleri tarapyndan keselhana äkidilen Altyn Demir atly türkmen migrant zenanyny hekimleriň elinde baryny gaýgyrmandygyna garamazdan, degen gülleler sebäpli köp gan ýitireni üçin, halas edip bilinmändigini aýdýarlar.

Ýatlap geçmeli bolsa, türk mediasynda mundan owal diňe geçen ýylyň dowamynda Stambulyň Fatih etrabynda zähmet migranty türkmen zenanynyň ýaşaýan öýünde pyçaklanyp öldürilendigi, şeýle-de, geçen ýylyň fewral aýynyň başynda, daşoguzly zähmet migranty zenanynyň damagynyň çalnyp öldürilendigi ýaly wakalar barasynda, halk köpçüligine giňişleýin maglumat berlipdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG