Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2017-nji ýylda Türkmenistanyň 74 müň raýaty Russiýada hasaba durdy


Russiýanyň paýtagty Moswkadaky Gyzyl meýdança

2017-nji ýylda Türkmenistanyň 74 000 raýaty Russiýanyň Migrasiýa gullugynda hasaba durdy diýip, “Fergana” neşiri Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň Baş migrasiýa müdirligine salgylanyp ýazýar.

Neşir özüniň 1-nji fewralda beren maglumatynda bu statistikanyň düzümine Russiýa baran ähli türkmenistanlylaryň däl-de, diňe ýurduň migrasiýa gullugynda ýazga duran türkmen raýatlaryň girýändigini hem belleýär.

“2017-nji ýylda Russiýanyň Migrasiýa gullugynda 15,7 milliondan gowrak daşary ýurtly hasaba durup, olaryň ortaça 7,7 millionyny Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda 74 225 sanysyny Türkmenistanyň raýatlary emele getirýär” diýip, neşir habar berýär.

Maglumatda aýdylmagyna görä, geçen ýyl Russiýanyň Migrasiýa gullugynda hasaba duran bu türkmenistanlylaryň 1951 sanysy ýurda iş sapary bilen barandygyny mälim etdiler.

Şol bir wagtda, 2017-nji ýylda türkmen raýatlarynyň 1021 sanysyna Russiýada wagtlaýyn ýaşamaga rugsatnama ýa-da ýaşamaga ygtyýarnama berlip, Türkmenistanyň 729 raýaty Russiýanyň raýatlygyny aldy.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda dürli sebäplere görä ýurdy terk edip, daşary ýurtlara işlemäge gidýän türkmenistanlylaryň barha köpelýändigi barada, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki we daşyndaky çeşmeleri habar berýärler.

Türkmenistandaky synçylaryň we daşary ýurtlara gaýdan türkmenistanlylaryň ençemesi muňa sebäp bolýan esasy faktorlar diýip, ýurtda dowam edýändigi aýdylýan ykdysady kynçylyklary, işsizligi, işe ýerleşmekdäki para almak we bermek tejribesini, ylaýta-da, ýurduň çetki regionlarynda durmuş-ýaşaýyş şertleriniň barha gymmatlamagyny we kynlaşmagyny mysal getirýärler.

Belläp geçsek, Türkiýe türkmen işçi migrantlarynyň iň köp agdyklyk edýän ýurtlarynyň biri hasaplanýar. Bu ýurtda ýaşaýan we işleýän türkmen migranty Rozubaý soňky ýyllarda diňe orta ýaşlaryndaky türkmen raýatlarynyň däl, eýse ýaşy 60-a golaýlan türkmenistanlylaryň hem Türkiýä işlemäge gelýändigini aýdýar.

“Şu wagt Türkmenistandan çykýan raýatlaryň iň ýokary ýaşy 55-60 ýaş aralygynda bolup, hem erkek we zenanlar Türkiýä işlemäge gelýär. Olar indi ýurtda ýaşamagyň kyndygyny aýdýarlar. Olar muňa aýlyklaryň köpelmezligini, harytlaryň gymmatlamagyny ýa-da dollaryň [türkmen manadyna görä hümmetiniň] ýokarlanmagyny mysal edýärler” diýip, Rozubaý Türkiýedäki türkmen işçi migrantlarynyň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Rozubaý olaryň arasynda öň Türkmenistanyň medeniýet edaralarynda ýa-da “Döwlethimiýa” kärhanalarynda işläp ýören türkmenistanlylaryň hem bardygyny aýdýar. Onuň sözüne görä, öň döwlet edara-kärhanalarynda işlän türkmenistanlylar Türkiýä işlemäge gelmekleriniň sebäbini aýlyklaryň maşgalany eklemäge ýetmeýändigi, azyk we beýleki zerur harytlaryň bolsa gün-günden gymmatlamagy bilen düşündirýärler.

Häzirki wagt Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde okaýan türkmenistanly student Mährijemal (Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ady üýtgedildi) daşary ýurtlara okamaga gelip, soňra şol ýerde ýaşamak üçin galýanlaryň hem köpdügini aýdýar.

“Türkmenistanda her ýyl ýaşlaryň ortaça 100 müň sanysy orta mekdebi tamamlaýar. Ýöne ýokary okuw jaýyna alynýan studentleriň sany bolsa, 8 müň töweregidir. Şonuň üçin türkmen ýaşlarynyň köpüsi daşary ýurda okamaga gaýtmaga mejbur bolýar. Ýöne daşary ýurtlarda bilim alanlaryň soň ýurtda işe ýerleşmegi hem kyn. Işe girmek üçin ýokary wezipede tanşyň bolmaly ýa-da birnäçe müň dollar möçberinde para bermeli. Käbir ýaşlar okuwyny tamamlan soň ýurda dolanyp, işe ýerleşmäge synanyşýarlar. Soňam iş tapman, ýene-de daşary ýurtlara gaýdyp, bu ýerde iş gözleýärler” diýip, Mährijemal gürüň berdi.

Türkmenistanda daşary ýurtlarda ýaşaýan, işleýän we okaýan türkmen raýatlarynyň sanawy baradaky statistika maglumatlar ilat köpçüligine elýetersiz bolmagynda galýar. Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri hem bu barada häzire çenli mesele gozgaman gelýärler.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG