Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

$1 million alan 'göreldeli' etraplaryň soňky görnüşleri


Mary welaýatynyň Ýolöten etraby ýurtdaky iň göreledli etraplaryň biri diýlip yglan edilipdi.
Mary welaýatynyň Ýolöten etraby ýurtdaky iň göreledli etraplaryň biri diýlip yglan edilipdi.

Şu ýylyň 26-njy ýanwarynda geçirlen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde, sosial-ykdysady we medeni görkezijiler boýunça Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň 1-nji orna mynasyp bolyp, bir million amerikan dollary bilen sylaglanandygy yglan edilipdi.

Türkmenistanda soňky 4-5 ýyldan bäri göreldeli etrap diýip, ýylyň jemleri boýunça birinji orun berilýän etraplaryň birniň 1 million amerikan dollaryny alandan soňky ýagdaýlarynyň has ýaramazlaşýandygyna ýaşaýjylar ünsi çekýärler.


2015-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap ady bilen bir million amerikan dollaryny sylag alan Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň ýaşaýjysy Hezretiň aýtmagyna görä, etrap merkeziniň sosial problemalary soňra has ýaramazlaşypdyr. Uly pul sylagyny alandan soň Ýolöten şäheriniň merkezi Atçapar köçesine we oňa ýanaşyk 1-2 köçä asfalt düşelipdir. Şondan başga göze görnerlik edilen iş bolmandygyny Hezret gürrüň berýär.

“Bir million amerikan dollary berildi diýilenden soň, Ýolöten şäheriniň ähli köçeleri gazyp, agyz suwy üçin turbalar çekildi. Agyz suwy kranlarda peýda boldy, ýöne ony ulanmak asla mümkin däl, kranlardan şor hem bulançak suw gelýär. Şeýle suwlar ilatyň ulanýan awtomat kir ýuwujylaryny, suw ýyladyjy boýlerini hatardan çykarýar. Ýaşaýjylar bolsa kranlardan gelýän suwdan içip bilmän, satuwa çykarylýan suwlary satyn alýarlar. Işsiz ýa-da puly ýetmeýän maşgalalarda kranlardan gelýän bulançak suwlary duraldyp içmäge mejbur bolýarlar. Bu bolsa dürli keselleriň köpelmegine getirýär” diýip, Hezret aýdýar.

Geçirlen işleriň netijesinde kranlarda suw peýda bolsa-da, etrap merkeziniň gazylan köçeleri gaýtadan asfaltlanman çarkandaklygna galdy. Üstesine indi iki ýyl bäri etrap merkeziniň köçeleri yşyklandyrylmaýar. Resmiler muny elektrik togunyň ýetmezçiligi bilen düşündirýärler.

Türkmen telewideniýesinde mahabatlandyrylyp, göreldeli etrap diýip her ýylda bir million amerikan dollary sylag berilýän etraplaryň ýagdaýynyň biri-birinden tapawutlanmaýandygyny hem ýaşaýjylar belleýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynda Farap şäherçesindäki gözgyny ýagdaý barada aýratyn aýdylypdy.

Etrap merkezleriniň sosial meseleleriniň kadaly çözülmeýän halatynda, etraplaryň obalarynyň ýagdaýynyň juda gözgynydygy hem aýdylýar. Oba ýollarynda asfaltyň asla düşlemedik ýerleri hem kän.

Obalarda täze berilen melleklere barýan ýollaryň aşa ýaramazlygyndan zeýrenip, iň bolmanda ýolara gum dökülip, ýol ugry düzedilip, çagyl düşelse-de, ýollarymyz asfaltlanan ýaly görjek diýip, zeýrenýän ýaşaýjylar az däl. Täze melleklerde her hojalyk öz öýüniň deňine gurluşykdan galan kerpiç ýa beýleki gurluşyk materiallarynyň galyndylaryny dökmek bilen ýagdaýdan çykalga gözleýändiklerini aýdýarlar.

Etrap merkezleriniň, obalaryň şeýle gözgyny ýagdaýda galýan wagtynda, her ýylda nirä sarp edilýäni belli bolman galýan bir million amerikan dollarny baýrak berdik diýip, edilýän gözboýagçylygyň nämä gerekdigine ilatyň düşünmän galýandyklaryny, bu ýylky sylaga mynasyp bolan Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň sosial ýagdaýynyň Ýolöten etrabynyňkydan hem has pesdigini ýaşaýjylar aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG