Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň Swat deresinde 11 esger janyndan geçen bombaçynyň pidasy boldy


Swat deresinde barlag nokadynda duran esger.

Swat deresindäki goşun bazasynda janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran hüjümi pakistan esgerleriniň azyndan 11 sanysyny öldürdi, 13-sini bolsa ýaralady diýip, Pakistan goşunynyň beýanatynda aýdylýar.

Bu waka 3-nji fewralda, goşunyň sport çärelerini geçirýän ýerinde, esgerleriň woleýbol oýnaýan wagtynda boldy. Bu oýna tomaşa edýän asuda adamlar hem kändi.

Ölenleriň arasynda bir ofiser hem bar.

Hüjümiň jogapkärçiligini Pakistan “Talybany” öz üstüne aldy we ony “öç alyş hüjümi” diýip atlandyrdy.

Pakistanyň premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi bu hadysany “namart hüjüm” diýip atlandyrdy we Pakistandaky terrorçylygy "köküne çenli köwläp aýyrmagy" wada berdi.

XS
SM
MD
LG