Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda ýyl kesilen hristianlar hökümden şikaýat edýär


Azyndan 10 ýyl iş kesilen eýran hristianlary
Azyndan 10 ýyl iş kesilen eýran hristianlary

4-nji fewralda Eýranyň Yslamçy rewolýisiýa sudunyň öňüne getirilmeli edilen eýranly hristianlar özlerine garşy 2017-nji ýylda çykarylan hökümden şikaýat edýärler.

Olar “injilçilik etmekde” we "bikanun ybadathana işleri bilen meşgullanmakda” günäli tapyldylar.

Pastor Wiktor Bet Tamraz, Amin Afşar Naderi we Hadi Asgari dagynyň hersine, özlerine garşy bildirilen jenaýat aýyplamalary esasynda, şertli 10 ýyl türme tussaglygy berildi.

Mundanam başga, yslamçy sudýalar Naderä, hudaýa şek ýetirmekde aýyplap, goşmaça bäş ýyl türme tussaglygyny berdiler.

Eýranyň Rewolýusiýa sud ulgamy Eýranyň yslamçy dolandyryjylarynyň ideologiýa garşydaşlary hasaplanylaýn adamlary sud etmek üçin döredildi we ol ýerde ne žýuri, ne aklawçylar, ne-de subutnamalary seljermek bar.

Netijede, höküm zorluk we adam gynamalary esasynda, aýyplanýanyň özüni ýazgarmagy we üstüne ýüklenen günäni boýun almagy bilen çykarylýar.

XS
SM
MD
LG