Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan aýalynyň urlup-ýenjilmegi bilen ilteşikli ýedi adam tussag edildi


Owgan häkimiýetleri sosial ulgamlarda bir aýalyň urlup-ýenjilýändigi barada wideo ýazgy peýda bolany bäri waka gatnaşygy bolmakda güman edilip, ýedi adamyň tussag edilendigini aýdýarlar.

Owganystanyň Tahar welaýat häkiminiň metbugat wekili 5-nji fewralda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren maglumatynda tussag edilen adamlaryň urlup-ýenjilen aýalyň dogan-garyndaşlarydygyny aýtdy.

Bu wakanyň Tahar welaýatynyň çetki Çah Aab etrabynda geçen ýylyň dekabr aýynda bolandygy habar berilýär.

Wideoda dyzyna çöküp duran burkaly aýalyň adamlaryň köpçüligi, şol sanda maşgala agzalary tarapyndan kemsidilýän pursady görkezilýär. Aýal dyzyna çöken mahaly, taýakly adamlar onuň kellesine, arkasyna, ellerine we eginlerine agyr urgylar bilen hüjüm edýärler.

“Tussag edilen adamlar aýalyň dogan-garyndaşlarydyr. Bu aýal häzir welaýat merkezindäki howpsuz jaýda saklanýar” diýip, Tahar welaýat häkiminiň metbugat wekili Sunatullah Temor aýtdy.

Waka şaýat bolanlaryň aýtmaklaryna görä, ýerli ruhany 22 ýaşyndaky aýaly adamysy Eýranda wagty başga bir adam bilen jynsy gatnaşyga girmekde günäli tapansoň, onuň çykaran karary esasynda jezalandyrylypdyr.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG