Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan prezident saýlawlaryny aprelde geçirmegi planlaşdyrýar


Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew
Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew şu ýylyň oktýabr aýynyň 17-ne geçirilmegi planlaşdyrylan prezident saýlawlaryny öňe süýşürip, 11-nji aprele geçirdi diýlip, 5-nji fewralda prezidentiň edarasy tarapyndan çykarylan kararda aýdylýar.

Onda aýdylmagyna görä, bu karar ýurduň Konstitusiýasyna we Saýlaw kodeksine laýyklykda amala aşyrylýar.

2016-njy ýylda geçirilen dawaly referendumyň netijesinde Azerbaýjanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler girizilipdi. Bu üýtgetmeler Aliýewiň saýlawlary planlaşdyrylan wagtyndan öň geçirmäge çagyrmagyna rugsat berýär.

Şeýle-de, bu üýtgetmeler bilen birlikde, geçen ýylyň dekabr aýynda köpçülige hödürlenen Saýlaw kodeksinde wagtyndan öň geçiriljek prezident saýlawlarynyň azyndan 60 gün öňünden yglan edilmelidigi aýdylýar.

Aliýewiň ýurtdaky prezident saýlawlaryny wagtyndan öň geçirmek kararyna gelmeginiň sebäpleri häzirlikçe nämälim bolmagynda galýar.

XS
SM
MD
LG