Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Aşgabadyň "görelde" bolmagyny tabşyrdy


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowa dikilen ýadygärlik
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowa dikilen ýadygärlik

Türkmenistanyň prezidenti ýurduň baş şäheriniň “göreldeli we ähli görkezijiler boýunça dünýäniň iň owadan we oňaýly paýtagtlarynyň biri diýen statusa gabat gelmelidigini” nygtady.

Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada 5-nji fewralda geçiren iş maslahatynda aýtdy.

TDH agentliginiň maglumatyna görä, ýurduň ýolbaşçysy Aşgabadyň sosial infrastrukturasyny täzelemek we abadanlaşdyrmak, jaý gurluşygy boýunça proýektleriň halkara standartlaryna laýyklykda we bellenen wagt möhletinde durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini belläp mikroraýonlardaky binalaryň rekonstruksiýasyna we şäheriň suw çüwdürimleriniň işleýşine üns bermegi tabşyrdy.

Resmi maglumatlarda Aşgabady "göreldeli" etmek üçin prezidentiň göz öňünde tutýan takyk çäreleri mälim edilmedi.

Aşgabadyň häkimiýetleri şäheri abadanlaşdyrmak boýunça işleriniň çäginde soňky ýyllarda, hususan-da ýaşaýyş jaýlardaky sputnik antennalary, sowadyş-ýylaldyş split sistemalary zor bilen aýyrdylar, jaýlaryň köçä çykýan aýnalaryny garaladylar, ýaşaýyş jaýlaryň golaýynda awtoulaglaryň goýulmagyny we goýy reňkli awtoulaglaryň ulanylmagyny gadagan etdiler.

Türkmenistanyň hökümetiniň ýaňy-ýakynda yglan eden sanlaryna görä, “ösüş we abadançylyk” maksatly gurluşyklara döwlet gaznasyndan 43 milliard dollar möçberinde pul sarp etmek göz öňünde tutulýar.

XS
SM
MD
LG