Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanyň oppozisiýasy irki prezidentlik saýlawlary boýkot etmek planyny mälim etdi


Oppozisiýanyň lideri Jamil Hasanli
Oppozisiýanyň lideri Jamil Hasanli

Azerbaýjanyň Demokratik güýçleriň milli geňeşi atly oppozision topary koalisiýanyň prezident Ilham Aliýewiň karary bilen 11-nji aprele bellenen irki saýlawlary boýkot etjegini aýtdy.

Oppozisiýanyň lideri Jamil Hasanli koalisiýanyň saýlawlary boýkot etmek boýunça planyny 6-njy fewralda Reuters agentligine beren interwýusynda mälim etdi.

Saýlaw güni ozal 17-nji oktýabra bellenipdi.

Aliýewiň kararynda saýlaw senesiniň üýtgedilmeginiň sebäpleri mälim edilmedi we onuň Azerbaýjanyň Konstitusiýasyna we saýlaw kodeksine laýyklykda amala aşyrylýandygy aýdyldy.

Oppozision “Musawat” partiýasynyň lideri Arif Hajili irki saýlawlary “Aliýewiň häkimiýetini ýene ýedi ýyla uzaltmak boýunça hereket” diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG