Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat Daşoguzdaky elektrik krizisinden ‘lampa salgydy’ bilen ‘çykýar’


Türkmenistanda öndürilen lampalar
Türkmenistanda öndürilen lampalar

Daşoguz welaýatynda ýerleşýän býujet edaralarynyň ähli işgäri fewral aýynyň aýlyklaryna Türkmenistanda öndürilen led diod lampalaryny satyn almaly edildi, işgäriň aýlygynyň möçberine laýyklykda, gelýän aýlykda bahasyny tutmak şerti bilen, her işgäre 5-10 sany lampa berilýär diýip, Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesi habar berýär.

Elektrik energiýasyny tygşytlamak arkaly ilatyň energiýa üpjünçiligini gowulandyrmak üçin görülýändigi aýdylýan çäre prezident Berdimuhamedowyň wise-premýer Dädebaý Amangeldiýewe berk käýinç berip, ýurduň ähli elektrik stansiýalaryny düýpli barlamagy buýurmagynyň yz ýanyna gabat geldi. Şeýle-de Amangeldiýewe, elektrik üpjünçiliginiň kesilmegi gaýtalansa, wezipesinden boşadyljakdygy duýduryldy.

Elbetde, bu gazaply duýduryş Azatlyk radiosynyň Daşoguzdaky ýagdaý barada beren gepleşikleriniň yz ýanyna gabat geldi. Ýerli çeşmeleriň maglumatlaryna görä, Daşoguzda gijelerine -20 gradusa ýetýän aýazly howada elektrik togunyň bir günde tutuş etrapda üç sagatlap, başga bir ýagdaýda bolsa 20 gezek öçen wagty hem boldy. Synçylar bu ýagdaýy regiondaky tok, gaz geçiriji liniýalarynyň uzak wagtlap bejerilmezligi, turbalaryň we simleriň, transformatorlaryň çalşyrylmazlygy bilen düşündirýärler.

Bellemeli ýeri, resmiler emele gelen ýagdaýdan çykalgany ilatyň öz hasabyna çözmekden gözleýärler. Aýdylmagyna görä, ilata mejbury ýagdaýda satylýan lapmalaryň bahalary 13 – 25 manat aralygynda we olaryň bu söwdany etmekden başga çäreleri ýok.

“Benzin gymmatlansoň azyk önümleri hem gymmatlady, adamlar aýlyklaryny nämä ýetirjeklerini bilmän kösenýärler, bular bolsa adamlary gereginden hem kän lampa satyn alamaga mejbur edýärler” diýip, Azatlyk radiosy bilen anonim şertde gürleşen ýaşaýjy aýtdy.

Lampa salgydy diňe býujet edaralarynyň işgärlerine salnyp oňmady, eýsem, ýylyň hasylyndan tölemek şerti bilen, kärendeçi daýhanlara hem salyndy.

Ýerli çeşmäniň tassyklamagyna görä, region ýolbaşçylary we elektrik ulgamlarynyň başlyklary bu çäräniň energiýa serişdelerini tygşytlamak üçin görülýändigini aýdýarlar.

“Energiýa tygşytlaýjy lampalara geçilmegi elektrik energiýasynyň has az harçlanmagyna, diýmek, geçirijileriň ýüküniň ýeňlemegine getirer, onsoň olar beýle çalt-çaltdan kesilip durmaz” diýip, ýolbaşçylaryň özara gürrüňçilikde aýdandygy habar berilýär. Şeýle-de olar, aýdylmagyna görä, elektrik liniýalarynyň örän könelendigini boýun alýarlar. Mundan öň türkmen metbugaty regionlarda geçirijileri täzelemek üçin uly işleriň edilýändigini habar beripdi

“Geň galmaly ýeri, hökümet bu lampalary şunuň ýaly energiýa tygşytlaýjy, emma daşary ýurtlarda öndürilen we bazarda satylýan lampalardan 30-40% gymmat bahadan satýar, bu ilatda örän uly nägilelik döredýär” diýip, Azatlygyň çeşmesi habar berýär.

Azatlyk radiosy bilen anonim şertde gürleşen ýaşaýjylaryň biri “Indi döwlet lampamyzy hem özümize çalyşdyrmaýar, ýogsa özümiz bazardan alyp çalyşsak, has arzan düşjek, emma indi arzan ýaşamaga rugsat berenoklar” diýdi.

Gaz edarasynyň duýduryş haty
Gaz edarasynyň duýduryş haty

Daşogzuň Görogly etrabyndan gelip gowşan başga bir habardan bolsa, ilatyň indi diňe lampalaryny däl, eýsem gaz peçlerini hem çalyşmaly boljagy görünýär.

Görogly etrabynyň gaz edarasynyň şäher ýaşaýjylaryna iberen duýduryş hatynda aýdylmagyna görä, indi öýlerde senetçilik usulynda ýasalan gaz peçlerini ulanyp, öý ýylatmak bolmaýar we şäher ýaşaýjylary ol peçleri “öý ýyladyjy bug gazanyna (katýola) çalyşmaly. Bu täze pejiň bahasynyň 10 müň manatdygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG