Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedowyň körekeniniň 1 million dollarlyk sagatlary we kaşaň durmuşy


Prezident G.Berdimuhamedowyň aýal dogany Gülnabat Döwletowanyň gyzynyň adamsy – Ibabekir Bekdurdyýew.
Prezident G.Berdimuhamedowyň aýal dogany Gülnabat Döwletowanyň gyzynyň adamsy – Ibabekir Bekdurdyýew.

Dünýäniň iň kaşaň dynç alyş merkezleri, ýahta syýahatlary, gymmatbaha ulaglar, Las-Wegasdaky kazino, gije klublary, saýlama alkogol içgileri, umumy bahasy 1 million dollardan hem geçýän goşar sagatlary... bularyň ählisi prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň körekeniniň adaty durmuşyny emele getirýär.

Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” neşiri prezident Berdimuhamedowyň aýal dogany Gülnabat Döwletowanyň gyzynyň adamsy – Ibabekir Bekdurdyýewiň sosial ulgamlaryndaky maglumatlaryny seljerip, degişli derňewleri geçirip, onuň kaşaň durmuşyny köpçülige aýan etdi.

Neşiriň maglumatlarynda has köp “Guga” lakamy bilen tanalýan Ibabekir Bekdurdyýewiň gymmatbaha sagatlara aýratyn söýgüsiniň bardygyny synlasa bolýar.

Onuň üns çekiji görnüşde durup düşen suratlaryndaky iň gymmat sagat – Richard Mille 52-02 Horse Tourbillon bolup, ol çäkli görnüşde diňe Kataryň bazary üçin niýetlenip çykaryldy. Onuň bahasy 565 müň dollar töwereginde durýar.

Richard Mille – “Guganyň” iň gowy görýän sagat brendi ýaly bolup görünýär. Onuň sosial ulgamlaryndaky suratlarynda, bu görnüşli sagatlaryň azyndan dördüsini synlamak bolýar. Olaryň iň arzany 110 müň dollara deňdir.

28 ýaşly Ibabekir Bekdurdyýewiň beýle kaşaň durmuşy alyp barmagyna mümkinçilik berýän girdeji çeşmesi barada köp maglumat ýok. Ol ýaşlykdan rus billýardy bilen meşgullanyp, 15 ýaşynda Türkmenistanyň ýuniorlarynyň arasynda çempion hem boldy. Ol soňy bilen erkin göreş bilen meşgullanyp, hatda ýurduň saýlama toparynyň düzümine hem girdi.

Geçen sentýabrda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda ol billýard boýunça bäsleşip, çempion bolmagy başardy. Mundan soň oňa “Türkmenistanyň sport boýunça at gazanan ussady” diýen at dakyldy.

“Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” öz çeşmelerine salgylanyp, Ibabekir Bekdurdyýewiň ozal “Türkmengaz” döwlet konserninde işländigini habar berýär. Emma onuň anyk haýsy wezipede işländigini anyklamak başartmady.

Şeýle-de “Guganyň” Aşgabatda restoranynyň we gije klubunyň hem bardygy aýdylýar.

Galyberse-de, “hiç kime halkyň puluny ogurlamaga, onuň hasabyna baýamaga ýol berilmejegini” aýdýan prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýal doganlarynyň, ýegenleriniň we beýleki garyndaşlarynyň ýurtda giň gerimli biznes işlerini alyp barýandyklaryna üns çekilýär. Emma prezidentiň ýakynlary we olaryň telekeçilik işleri barada ilata hiç hili maglumat berilmeýär.

Şol bir wagtda, prezidentiň körekeniniň kaşaň durmuşy baradaky maglumatlar, Türkmenistanda azyk harytlarynyň gymmatlamagy we gytalmagy, aýlyklaryň gijikdirilmegi, iş ştatlarynyň kemeldilmegi, ozal mugt bolan kommunal hyzmatlarynyň ýatyrylmagy ýaly ýagdaýlara gabat geldi.

XS
SM
MD
LG