Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň goşuny Ysraýylyň raketa zarbalaryna sezewar bolandygyny aýdýar


Damaskyň golaýyndaky Douma şäherine howadan edilen hüjümiň yzýanynda, 6-njy fewral, 2018

Siriýanyň goşuny Damaskyň golaýyndaky harby pozisiýalaryň 7-nji fewralda Liwanyň howa giňişliginden Ysraýylyň söweş uçarlarynyň raketalarynyň zarbasyna sezewar edilendigini habar berdi.

Siriýanyň döwlet telewideniýesi arkaly edilen beýanatda howa hüjümleri “Ysraýylyň täze agressiýasy” hökmünde häsiýetlendirildi, emma jikme-jikler mälim edilmedi.

Bu habar bilen baglylykda Ysraýyl tarapyndan dessine kommentariý bolmady.

Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň hökümeti Ysraýylyň hüjümi barada bir aýyň dowamynda ikinji gezek habar berýär.

9-njy ýanwarda Siriýanyň harbylary Ysraýyly Damaskyň golaýyndaky Kutayfeh giňişliginde harby nokadyny raketadan oka tutmakda aýyplady.

Ysraýyl Siriýada 7 ýyl bäri dowam edýän graždan urşunyň dowamynda bu ýurduň territoriýasynda howa zarbalarynyň ençemesini amala aşyrdy we hüjümleriniň Assadyň hökümet güýçleriniň tarapynda söweşýän Liwanyň “Hyzballa” söweşiji toparynyň üpjünçiligi bilen bagly bolmakda güman edilýän nyşanlara garşy gönükdirilýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG