Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda prezidentlige dalaşgäriň ýaşynyň 30 ýaşa çenli aşakladylmagy makullandy


Emomali Rahmon (s) ogly Rustam bilen (sagdan ikinji)

Täjigistanyň parlamentiniň aşaky öýi ýurduň prezidentlik we parlament saýlawlary baradaky kanunyna üýtgetmeleri giriziň, dalaşgärleriň ýaşyny 35-den 30 ýaşa çenli aşaklatdy.

7-nji fewralda kabul edilen kanun 2016-njy ýylyň maý aýynda geçirilen milli referendumyň esasynda makullandy.

Täjigistanyň häkimiýetleriniň prezidentlige dalaşgärleriň ýaşyny azaltmak boýunça hereketi prezident Emomali Rahmonyň 30 ýaşly ogly Rustam Emomalini öz ýerine geçirmegi üçin mümkinçilik hökmünde kabul edildi.

Täjigistanyň indiki prezidentlik saýlawlary 2020-nji ýyla bellendi.

Kanun prezident Emomali Rahmonyň gol goýmagyna ýollanmak üçin parlamentiň ýokarky öýi tarapyndan makullanmaly.

Emomali Rahmon Täjigistany çärýek asyr bäri dolandyrýar. 2016-njy ýylyň maý aýynda geçirilen referendumyň netijesinde prezidente ençeme goşmaça ygtyýarlyk bermek boýunça üýtgetmeler kabul edildi.

Rahmon Täjigistanda soňky ýyllarda dini, raýat we syýasy hukuklary depelemek bilen baglylykda adam hukuklary boýunça halkara guramalarynyň berk tankydyna eýe boldy.

XS
SM
MD
LG