Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan studenti dine dil ýetirmekde aýyplan we öldüren bir adamy ölüme, bäş adamy ömürlik türmä höküm etdi


Adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň Maşal Hanyň öldürilmegine protesti, Mardan şäheri 22-nji aprel, 2017
Adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň Maşal Hanyň öldürilmegine protesti, Mardan şäheri 22-nji aprel, 2017

Pakistanyň sudy 2017-nji ýylda dine dil ýetirmekde galp aýyplanan studentiň köpçüligiň öňünde öldürilmegi bilen baglylykda bir adamy ölüm jezasyna we bäş adamy ömürlik türme tussaglygyna höküm etdi.

Žurnalistika ugrundan bilim alan 23 ýaşly Maşal Han 2017-nji ýylyň 13-nji aprelinde Mardan şäherinde Abdul Wali Han uniwersitetiniň öňünde jemlenen märeke tarapyndan öldürilipdi. Ony sosial mediada “dine dil ýetiriji mazmunly”maglumat ýerleşdirmekde günälediler.

Studenti öldürmekde aýyplananlaryň aklawçysy Saad Abbasiniň AFP agentligine aýtmagyna görä, zuluma gatnaşandygy sebäpli 25 adama üç ýyl möhletli jeza berlipdir, ýene 26 adam aklanypdyr.

Mobil telefonlarda surata düşürilen we internetde ýerleşdirilen gazaply hüjüm Pakistanda uly täsir döredip, güýçli tankyda sebäp bolupdy we ýurduň abraýly dindarlary tarapyndan ýazgarylypdy.

Resmi derňewleriň netijesinde Maşal Hana edilen aýyplamalaryň galpdygy anyklandy.

Adam hukuklaryny goraýjylar Pakistanyň dine dil ýetirmek boýunça kanunynyň köplenç adamlaryň bir-birinden ar almak üçin ulanylýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG