Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Minskde Türkmenistanyň iki raýaty bikanun gyzyl söwdasynda tutuldy


Minsk şäheri

Belarusyň paýtagtynda Türkmenistanyň iki raýaty bikanun gyzyl söwdasy bilen baglylykda tussag edildi.

Içeri işler ministrliginiň Minsk şäheri boýunça baş edarasynyň resmi maglumatyna görä, 26 we 36 ýaşlaryndaky türkmenistanly iki dogan 2-nji fewralda 10 sany göwher daşyny satmakçy bolanda ele salnypdyr. Olaryň gymmatly daşlary 950 amerikan dollaryna satmak isländigi maglumatda aýdylýar.

Habar berlişine görä, Grodno şäherinde gaýybana okaýan türkmenistanlylar 26-njy ýanwarda Belarusa sessiýa barypdyr. Olara garşy Belarus Respublikasynyň Jenaýat kodeksiniň gymmatly metallaryň ýa-da daşlaryň söwdasynyň düzgünini bozmak boýunça 223-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda jenaýat işi gozgaldy.

XS
SM
MD
LG