Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň prezidentligi ugrunda sekiz kandidat bäsleşýär


Putiniň häkimiýet edaralarynyň üstünden edýän kontrollygy onuň dördünji möhlet prezidentligi hem utmagyny kepillendirýär. 

Orsýetde 18-nji martda geçiriljek prezident saýlawlarynda sekiz kandidat özara bäsleşige çykar, pikir soramalar prezident Wladimir Putiniň ýene bir alty ýyl möhleti arkaýyn utjagyny ýaňzydýar.

Kandidatlaryň sanawy 8-nji fewralda, hasaba alyş prosesiniň soňky gününde Merkezi saýlaw komissiýasynyň Kseniýa Sobçagy we Maksim Suraikini resmi taýdan hasaba almagy bilen tamamlandy.

Komissiýanyň başlygy Ella Pamfilowa Moskwada, göni alnyp görkezilen dabarada çykyş edip, ýurduň iň ýokary wezipesi üçin sekiz kandidatň dalaş etjekdigini aýtdy.

Putiniň meşhurlygy, onuň häkimiýet edaralarynyň üstünden edýän kontrollygy, tankytçylaryň aýtmaklaryna görä, başga pikirlileri basyp ýatyrmak we garşydaşlary güýçden gaçyrmak üçin basgançak boldy we hakykatda onuň dördünji möhlet prezidentligi hem utmagyny kepillendirýär.

Oppozisiýa aktiwistleri Kremliň ozalky saýlawlarda kampaniýa mahalynda-da, saýlaw gününde-de, ses berişlige täsir ýetirmek we öz isleýän netijelerini almak üçin dürli taktikalary ulanandygyny aýdýarlar.

Sobçak žurnalist we telewideniýe işgäri, onuň merhum kakasy Anatoliý 1990-njy ýyllarda Putiniň başlygy we halypasy bolupdy. Ol Raýat inisiatiwasy partiýasy tarapyndan hödürlendi.

Suraikin Orsýetiň has uly Kommunistik partiýasyndan aýrybaşgalykdaky Kommunist partiýasynyň o diýen kän tanalmaýan lideri bolup durýar.

Biraz öň hasaba alnan kandidatlar – Putin, biznes ombudsmeni, Ösüş partiýasyndan Boris Titow, milletçi, Orsýetiň ähli halkynyň bileleşigi partiýasyndan Sergei Baburin, liberal, Ýabloko partiýasyndan Grigoriý Ýawlinskiý,dyzmaç, aşa milletçiWladimir Žirinowskiý – Orsýetiň Liberal demokratik partiýasyndan, Kommunistik partiýadan bolsa, Pawel Grudinin.

Putiniň berk tankytçysy, oppozisiýadaky syýasatçy Alekseý Nawalnyý, jenaýat etmekde günäli tapyldy diýlip, saýlawa gatnaşmakdan mahrum edildi. Nawalnyý bu jenaýat işiniň galplaşdyrylan maglumatlara esaslanýandygyny aýdýar.

Ol bu ses berişligi Putini “gaýtadan wezepä bellemek” diýip atlandyrdy we orsýetlileriň ählisini saýlawlary boýkot etmäge çagyrdy.

Sowet döwründe uzak wagtlap KGB-niň ofiseri bolan Putin, prezident Boris Ýeltsin 1999-njy ýylyň ahyrky gününde işden çekilip, özüni wagtlaýyn prezident belläli bäri dört ýyl möhletden iki gezek prezident boldy.

Soňra, 2008-nji ýylda Putin Dmitriý Medwedewi prezidentlige süýşürip, premýer-ministr boldy we, konstitusiýanyň tapgyr iki möhlet prezident bolmazlyk baradaky düzgünini bozman, 2012-nji ýylda Kremle gaýtadan dolandy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG