Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanyň häkimiýet başyndaky partiýasy prezidentlige Aliýewi hödürledi


Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew
Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew

Azerbaýjanyň häkimiýet başyndaky partiýasy ýurduň häzirki prezidenti Ilham Aliýewi aprel aýynda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda dalaşgär hökmünde öňe sürdi.

Täze Azerbaýjan partiýasy Ilham Aliýewi dalaşgär hödürleýändigini 8-nji fewralda, ýagny ýurduň prezidentlik saýlawlarynyň 17-nji oktýabryň ýerine 11-nji aprelde geçiriljeginiň yglan edilmeginden üç gün yzýany mälim etdi.

Prezident Ilham Aliyewiň 5-nji fewralda yglan eden bu kararynda saýlawlaryň wagtynyň üýtgedilmeginiň sebäpleri düşündirilmedi, emma munuň Konstitusiýa we saýlawlar hakyndaky kanuna laýyklykda amala aşyrylýandygy aýdyldy.

Prezidentiň geňeşçisi Ali Hasanow bu ädimiň içerki we daşarky ýagdaýlaryň ýurduň prezidentlik saýlawlaryna täsir ýetirmezligini güwä geçmek üçin ädilendigini belledi.

Azerbaýjanda 2016-njy ýylda geçirilen gapma-garşylykly referendum Aliýewe saýlawlary möhletinden ir geçirmegi karar etmegine ygtyýarlyk berdi.

XS
SM
MD
LG