Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebap: Köprüdäki polisiýa her halta undan paç alyp galýar


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda dowam edýän azyk önümleriniň bahalarynyň gymmatlamagynyň fonunda, bu pursatdan öz bähbidine peýdalanmak isleýänleriň bardygy aýdylýar.

Amyderýanyň sag tarapynda ýerleşýän Kerkiçe, Magdanly, Köýtendag, Dostluk we Mukry obalarynyň käbir ýaşaýjylarynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Kerkiden un alyp gaýdan adamlary Amyderýanyň üstündäki köprüde duran polisiýa işgärleri saklap, “Uny geçirmän, ony alyp galjak” haýbatyny atyp, her halta un üçin, 25 manat paç tölemäge mejbur edýärler.

Amyderýanyň sag kenaryndaky etrapdyr oba ýaşaýjylarynyň käbiriniň aýtmagyna görä, uzak etraplarda unuň haltasynyň bahasy welaýat merkezindäki bahadan iki-üç esse tapawut edýär. Lebap welaýatynyň merkezinde bir halta unuň bahasy 80-100 manat aralygynda, Kerkide ol 120 manat bolsa, Kerkiçe, Magdanly, Köýtendag, Mukry we Dostluk taraplarynda 200 manada çenli baryp ýetýär.

“Lebap welaýatynyň merkezinden etrap bölümlerine iberilýän azyk önümleri ol ýerlere ýetmän, köplenç Kerki şäherinde jemlenýär. Amyderýanyň aňyrsyndaky etraplaryň ýaşaýjylary Kerki şäherine gelip, unuň haltasyny 150-160 manatdan satyn alýarlar.

Amyderýanyň köprüsiniň üstündäki barlag nokadynda Kerkiden un alyp gelýän adamlardan, organ işgärleri her halta undan 25 manat talap edýärler. Polisiýa işgärleri soralan puly bermeýän adamlara “ununy alyp galjagyny” aýdyp haýbat atýarlar. “Muny näme üçin tölemeli?” diýip, polisiýadan soraýan raýatlara: “Serhet ýakasynda ýaşaýanlar daşary ýurtlara un çykarýarlar. Şonuň üçinem daşary ýurtlara un satmaz ýaly, şeýle çäre görýäris” diýip düşündiriş berýär. Onda-da hak tölemek islemeýänleri bölüme äkidip, “jemgyýetçilik düzgüni bozmakda we polisiýanyň talabyna garşy gelmekde” aýyplap jerimä çekýärler.

Meselem, 73 ýaşyndaky bir ýaşuly bilen daýza Amyderýanyň köprüsiniň üstündäki barlag nokadynda duran organ işgärlerine Kerkiden äkelýän uny üçin, paç bermekden ýüz öwürdi we ununy hem olara bermejegini aýdyp dawa turuzdy. Soň olary Kerkidäki polisiýa bölümine äkidip: ‘Organ işgärlerine garşy geleni we polisiýanyň işgärleriniň işine päsgel berendigi sebäpli’ 45 manat jerime tölemäge mejbur etdiler” – diýip, Azatlyk Radiosyna ýüz tutan bir raýat gürrüň berýär.

Ýokaryda agzalan maglumatlary Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri bilen bir hatarda, Türkiýede işläp ýören lebaply türkmen zähmet migrantlary hem tassyklaýarlar.

Sözi jemläp aýtsak, ýokarda agzalýan ýagdaýlar barasynda Türkmenistandaky degişli resmilerden nähilidir bir kommetariýa almak, Azatlyk Radiosyna başartmaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG