Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Almatyda şäherinde oppozisiýa lideri Altynbek Sarsenbaýulynyň hatyrasyna matam tutuldy


Almaty şäherinde oppozisiýa lideri Altynbek Sarsenbaýulynyň hatyrasyna matam çäresi geçirildi, Almaty, 9-njy fewral, 2018
Almaty şäherinde oppozisiýa lideri Altynbek Sarsenbaýulynyň hatyrasyna matam çäresi geçirildi, Almaty, 9-njy fewral, 2018

Oppozision syýasatçylar, žurnalistler, graždan aktiwistleri we adam hukuklaryny goraýjylar 9-njy fewralda Gazagystanyň Almaty şäherinde jemlenip, oppozisiýa lideri Altynbek Sarsenbaýulynyň hatyrasyna matam çäresini geçirdiler. Sarsenbaýuly 12 ýyl mundan ozal öz egindeşleri bilen bilelikde atylyp öldürilipdi.

Astana myhmanhanasynda geçirilen matam çäresinde aktiwistler we syýasatçylar Sarsenbaýulynyň syýasy oppozisiýadaky roly, täsiri barada pikir alyşdylar. Olar syýasatçynyň öldrilmeginden soň ýurtda adam hukuklary bilen bagly ýagdaýyň ýaramazlaşandygyny we raýat azatlyklarynyň has çäklendirilendigini aýtdylar.

Gazagystanyň Orsýetdäki öňki ilçisi we öňki Informasiýa ministri Sarsenbaýuly “Naghyz Ak Žol” partiýasynyň egindeş başlygydy. Ol 2006-njy ýylyň 11-nji fewralynda öz janpenasy Bauyržan Baibos we ulag sürüjisi Wasiliý Žurawlýow bilen bilelikde ýitirim bolupdy. Olar iki günden soň Almatynyň golaýyndaky daglykda öli tapyldy. Olaryň elleri baglydy we ýeňselerinde okuň ýaralary bardy.

Oppozisiýa lideriniň öldürilmegi Merkezi Aziýa ýurdunyň ýene bir täsirli oppozisiýa syýasatçysy Zamanbek Nurkadilowyň atylyp öldürilmegi sebäpli duçar bolan sarsgynyny güýçlendiripdi.

Gazagystanyň öňki hökümet agzasy Nurkadilow prezident Nursoltan Nazarbaýewi korrupsiýada aýyplapdy.

Resmiler Sarsenbaýulynyň öldürilmeginiň şahsy duşmançylyk bilen bagly bolandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG