Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Siýada hökümetçi güýçlere garşy hüjümi barada Orsýeti habarly edendigini aýdýar


Deir al-Zor şäheri

Pentagon ABŞ-nyň harby ýolbaşçylarynyň Siýada hökümetiniň tarapynda söweşýän güýçlere garşy howa we guryýer zarbalaryny amala aşyrmakdan öň orsýetli kärdeşlerini habarly edendigini we zarbalaryň Siriýanyň gündogarynda söweşýän ýaran güýçlerine garşy edilen hüjümlere jogap bolandygyny belledi.

Goranmak departamentiň metbugat-wekili Dana Waýt 8-nji fewralda eden çykyşynda Del al-Zor regionynda Ýefrat derýasynyň gündogaryndaky konfliktsiz zonada amala aşyrylan hüjümleriň netijesinde wepat bolan onlarça adamyň arasynda orsýet harbylarynyň bolup-bolmazlygyny aýtmakdan saklandy.

“Biziň güýçlerimiziň öz-özüni goramaga hukugy bar” diýip, Waýt aýtdy. Şeýle-de, ol “biz [Siriýanyň] režimi bilen konflikt gözlemeýäris” diýdi.

Munuň öňüsyrasynda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky güýçler 7-nji fewralda ABŞ-nyň ýarany bolan Siriýanyň demokratik güýçleriniň edaralaryna hüjüm edilendigini habar berdi.

ABŞ-nyň Goranmak departamentiň metbugat-wekili Dana Waýt Sirianyň režimine tarapdar güýçleriň 20-30 sany tank ulanyp, bazany 500 metr uzaklykdan oka tutandygyny aýtdy. ABŞ-nyň ady görkezilmedik resmisi şol söweşde 100 siriýaçy söweşijiniň öldürlendigini habar berdi.

ABŞ-nyň habar beriş serişdeleri hiç bir amerikan harbysynyň ýaralanmandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG