Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ankarada ten söwdasyna mejbur edilendigi aýdylýan migrant zenanlar saklandy


Türkiýäniň paýtagty Ankara
Türkiýäniň paýtagty Ankara

Türkiýäniň paýtagty Ankarada polis tarapyndan gurnalan operasiýada, daşary ýurtlardan getirilip, ten söwdasyna mejbur edýändigi öňe sürülýän 6 migrant zenan saklanypdyr. Olaryň arasynda türkmenistanly raýatlaryň hem bardygy habar berilýär.

Polis çeşmeleriniň metbugata beren beýannamasyna görä, Ankara polisiniň fewral aýynyň başynda başladan işleriniň netijesinde, öýlenmek we iş wadasy bilen daşary ýurtlardan getirýän zenanlary aldawa salyp, olary ten söwdasyna mejbur edýän adamlar anyklap yzarlanýar.

Ankara polisiniň Ahlak býurosynyň işgärleri 6-njy fewralda gurnan operasiýasynda Türkmenistandan, Gyrgyzystandan, Ukrainadan we Moldowadan Türkiýä getirilip, ten söwdasyna mejbur edilendigi öňe sürülýän 6 migrant zenan bolan, jemi 8 adamy saklaýar.

Türkiýäniň “Milliýet” gazeti: “Saklanan şübhelileriň “saňa öýlenjek” ýa-da “saňa gowy iş berjek” diýip, uçar biletlerini iberip, Türkiýä gelen daşary ýurtly zenanlar bilen owal Ankaranyň Dikmen we Bahçeli diýen ýerlerinde kireýine tutan öýlerinde söýgüli bolup, soň ol migrant zenanlary dürli myhmanhanalara we öýlere ten söwdasyna iberendigi anyklandy. Ten söwdasyny gurnaýanlar migrant zenanlary polise arz-şikaýat eden halatynda, deportasiýa etmekde gorkuzypdyrlar” diýip ýazýar.

Türk mediasynda çykan habarlarda ten söwdasyna garşy gurnalan operasiýada ele salnan migrant zenanlaryň inžener, žurnalist, ýuwelir, ofisiant, tikinçi we saç bejerýän ýaly hünärlere eýedigine aýratyn üns çekilýänem bolsa, olaryň näçe sanysynyň Türkmenistanyň raýatydygy barasynda anyk maglumat berilmeýär.

Azatlyk Radiosy bu habardan ugur alyp, Ankara polisinden saklanan türkmen zenanlary hakda jikme-jik maglumat almaga synanyşdy. Ýöne polis işgärleri metbugatdaky maglumatdan daşaryn hiç zat aýdylmajagyny bildirdi.

Ýeri gelende ýatlasak, mundan owal Ankaranyň “Il gazetesi” atly ýerli gazetiniň çap eden habarynda, Çankaýadaky iki myhmanhana bilen käbir salgylarda gurnalan operasiýada iş wadasy bilen Türkiýä getirilip, elinden pasportlary alnyp, soň ten söwdasyna mejbur edilendigi aýdylýan türkmenistanly 8 zenanyň saklanandygyny beýan edipdi. Gazet şonda türkmen zenanlaryny ten söwdasyna mejbur eden toparyň baştutany bolmakda güman edilýän O.M. atly türkmenistanly zenanyň “jelepçilik maksatly adam söwdasyny” gurnamakda aýyplanyp sud edilip, basylandygyny, beýleki türkmenistanly 8 zenanyň bolsa deportasiýa edilendigini ýazypdy.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan Ankarada işläp ýören käbir zähmet migrantlary bolsa “ten söwdasyna mejbur edilendigi” öňe sürülýän türkmen zenanlarynyň käbiriniň aslynda Türkmenistandan şeýle iş bilen meşgullanmaga araçylaryň kömegi bilen ýörite gelýändigini we türk polisi tutan mahaly, ýaňky ýaly “ten söwdasyna mejbur edilendigini” öňe sürýändigini nygtaýarlar.

Türkmen zähmet migrantlary olaryň arasynda şol bir aýyplamadan, birnäçe gezek saklanan türkmenistanly tanyş raýatlarynyň hem bardygyna aýratyn üns çekýärler.

Sözi jemläp aýtsak, ten söwdasyna mejbur edilýän türkmen zenanlarynyň ykballary barasynda degişli türk we türkmen resmilerinden nähilidir bir kommentariýa almak, Azatlyk Radiosyna başartmaýar.

XS
SM
MD
LG