Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow gurak gelen ýylda 3 million düýp bag ekmegi buýurýar


Ekilmeli arça nahallary
Ekilmeli arça nahallary

Türkmenistanda gurak gelen 2018-nji ýylda, ýurdy bagy-bossanlyga büremek kampaniýasynyň çäginde, ýazda we güýzde ýene 3 million düýp nahal oturdylar.

Türkmen bazarlarynda esasan daşary ýurtlardan import edilen miweleriň satylýandygyna garamazdan, TDH döwlet habar gullugy ýurtda her ýyl millionlarça düýp agaç nahalynyň, şol sanda miweli baglaryň hem köp ekilýändigini habar berýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 9-njy fewralda kabul eden karary ýurduň demirgazyk regionynda henizem ýaplara suw gelmeýändigi, güýzlük bugdaý eken daýhanlaryň ýylyň gurak gelmeginden juda alada galýandygy baradaky maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Ýerli synçylaryň tassyklamagyna görä, kadaly pagta hasylyny almak üçin gowaça ekiljek ýerleriň şoruny ýuwmaly, gyşyň ýagyny bolsa, güýzde ekilen dänäniň suwdan ganmagy üçin zerur.

Döwlet baştutanynyň kararyna laýyklykda, ministrliklere we pudak edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine şu ýyl Ahal welaýatynyň Ak bugdaý hem-de Bäherden etraplarynyň aralygynda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 1,5 million düýp nahalyny oturtmak tabşyrylýar. Şu ýyl ekilmeli 3 million agaç nahalynyň galan 1,5 million düýbi beýleki welaýatlaryň çäklerinde oturdylar.

Aşgabadyň töweregine beýleki regionlara garanda has kän agaç nahalynyň goýberilýändigine garamazdan, prezident bu sebitde gök zolaklaryň döredilişinden nägile bolýar. Mysal üçin, döwlet baştutany geçen ýylyň tomsunda Aşgabadyň ýokarsyndan dikuçarly aýlanyp, ýene bir gezek gök zolaklar meselesine ünsi çekdi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda adat bolşy ýaly, türkmenistanlylar her ýylyň mart we oktýabr aýlarynda köpçülikleýin agaç nahallaryny oturtmak çärelerine gatnaşýarlar. Mysal üçin, geçen ýylyň 18-nji martynda raýatlar, TDH-nyň maglumatyna görä, “ählihalk ýowaryna” çykyp, tutuş ýurt boýunça 416 müňe golaý agaç nahalyny oturtdy.

Şonda Aşgabadyň günorta böleginde, Köpetdagyň eteginde geçirilen bag ekmek çäresine býujet edaralarynyň işgärleri, studentler bilen bilelikde, prezidentiň ýolbaşçylygynda hökümet agzalary, parlamentiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, daşary ýurtly myhmanlar hem gatnaşdy.

Döwlet eýeçiligindäki metbugat bu ýowarda, täze ekilen 416 müň nahaldan başga, ozal ekilen baglaryň 1 million 150 müňden gowragyna ideg edilendigini habar berdi.

Şeýle ýowar 2016-njy ýylyň oktýabrynda hem geçirildi we prezident Berdimuhamedow şonda Aşgabadyň eteginde gurnalan bag ekmek çäresine gatnaşyp, bag ekmek möwsüminiň nobatdaky tapgyryna badalga berdi. Aşgabadyň şol gün bag ekilen künjeginde ýedi ýüz gektar meýdany bolan täze seýilgähiň, parkyň döredilýändigi hem habar berildi.

Türkmen mediasy 2015-nji ýylda hem 3 million düýpden gowrak agaç nahalynyň oturdylandygyny habar berdi. Ýöne metbugatda ekilen baglaryň näçe prosentiniň düýp tutýandygy, näçe prosentiniň bolsa gurap galýandygy, bu kampaniýa netijesinde döwlet gaznasyndan näçe harajat çykarylýandygy aýdylmaýar.

Azatlyk radiosynyň çeşmeleriniň berýän maglumatlara görä, dynç günlerinden mahrum edilýän raýatlaryň mejbury gatnaşdyrylmagynda ekilýän agaç nahallarynyň ýaryna golaýy tomsuň yssysynda ýa-da tomsa hem ýetmän gurap galýar.

“Hökümet mejlislerinde käte baglara edilýän idegden nägilelik bildirýän prezident hem bu ýagdaýy bilýär, ýöne onuň kemçilikleri gysga wagtda düzetmek barada berýän "anyk tabşyryklary” hiç zady üýtgetmeýär” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran 65 ýaşly Aman aga Azatlyk radiosyna aýtdy.

Şol bir wagtda, Türkmenistanda bag ekmek möwsüminde ekiljek agaç nahallarynyň hem köpüsiniň daşary ýurtlardan import edilýändigi, netijede prezidentiň importy azaldyp, eksporty köpeltmek talabynyň bozulýandygy aýdylýar. Mysal üçin, TRT.net neşiri 11-nji ýanwarda Türkiýäniň Balykesir welaýatyndan Türkmenistana jemi 1630 sany agaç nahalynyň ugradylandygyny habar berdi. Emma türkmen mediasy beýle maglumatlary çap etmeýär.

Türkmen hökümetiniň tankytçylary bag ekmek kampaniýasynyň hakykatda bir tarapdan ýurtdaky şahsyýet kultuny mahabatlandyrmagyň, ikinji tarapdan döwlet serişdesini hasapsyz sowmagyň bir guralyna aýlanandygyny öňe sürýärler.

XS
SM
MD
LG