Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýanyň lideri Günorta Koreýanyň prezidentini duşuşyga çagyrýar


Günorat Koreýa, Kimiň aýal dogany Kim Yo Jong we ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pens
Günorat Koreýa, Kimiň aýal dogany Kim Yo Jong we ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pens


Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un Günorta Koreýanyň prezidenti Moon Jae-ini Phenýanda “irki duşuşyga” çagyrdy diýip, Moonyň edarasy 10-njy fewralda aýtdy.

Bu koreý liderleriniň on ýyl içninde ilkinji duşuşyklarynyň gurulmak mümkinçiliginden habar berýär.

Kimiň aýal dogany Kim Yo Jong, Pýençaňdaky Gyşky olimpiada gatnaşmak üçin Günorta Koreýa sapara barmak bilen, Günorta Koreýanyň prezidentiniň Gök öýdäki rezidensiýasynda Moon bilen duşuşanda, öz agasynyň şahsy çakylygyny gowşurdy diýip, prezidentiň sözçüsi aýtdy.


Günorta Koreýanyň 9-njy fewralda başlan Oýunlara beýemçilik etmegi netijesinde dörän soňky maýylganlyk Demirgazyk Koreýanyň geçen ýyl öz ýadro we raketa programmalaryny tizleşdirmegine garaman geldi.

Kim Jong Un Moon bilen "irki duşuşykda” görüşmek isledi we Moon “geliň, munuň amala aşmagyna şert döredeliň” diýdi diýip, Gök öýüň sözçüsi Kim Eui-kyeom metbugat ýygnagynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG