Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stokgolm hüjüminde aýyplanan özbek erkeginiň sudy 13-nji aprele bellendi


Rahmat Akylow

39 ýaşyndaky özbek oturym soraýjysy 2017-nji ýylyň aprelinde Stokgolmda ganly ýük maşyny hüjümini amala aşyrmakda aýyplandy we 13-nji fewralda terrorizm aýyplamasynda suda barmaly edildi.

Rahmat Akylow ýük maşynyny ogurlamakda we ony şwed paýtagtynda pyýadalar köçesinden barýan adamlaryň üstünden sürüp, bäş adamy öldürmekde güman edildi.

Ol maý aýyna çenli dowam etjek sud seljerişliginde “terrorçylyk we terrorçylyga synanyşyk” aýyplamalarynda sud ediler.Hökümiň iýun aýynda çykarylmagyna garaşylýar.

Sudda Akylowyň motiwlereine we bu hüjümi bilkastdan edip-etmändigine, bu ýerde dini sebäbiň bardygyna ýa ýokdugyna üns berler öýdülýär.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Özbek, Täjik gulluklarynyň we Şwesiýanyň TT habar agentliginiň bilelikdäki derňewleri Akylowyň 7-nji aprel hüjüminden öň, şol döwürde we soň Täjigistanda “Yslam döwleti” toparynyň jeňçileri diýilýänler bilen göni gatnaşygynyň bolandygyny anyklady. YD topary Stokgolmdaky hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne almady.

XS
SM
MD
LG