Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly alymlar tussag kärdeşiniň ölümini derňemegi talap edýärler


Kawous Saýed-Emami
Kawous Saýed-Emami

Eýranda alymlar we adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler eýranly kanadaly akademik we tebigaty goraýjy aktiwist Kawous Saýed-Emaminiň türmede ýogalmagynyň sebäplerini jikme-jik we adalatly derňemäge çagyrdylar.

Syýasy ylym, sosiologiýa, parahatçylyk we medeniýet boýunça dört ylym ugrundan işleýän alymlar bu barada 12-nji fewralda prezident Hassan Rohaniniň adyna açyk hat bilen ýüzlendiler.

Eýranyň adalat sistemasynyň resmileri Saýed Emaminiň tussaglykda öz janyna kast edendigini aýdýarlar. Emma alymyň ogly Eýranyň bu resmi düşündirişine ynanmaýandygyny belledi.

Aktiwistler Eýranyň türmelerinde tussaglaryň arasynda başga-da şübheli ölümleriň bolandygyny aýdyp, resmileriň olaryň ölümini öz janlaryna kast etmegi bilen düşündirendigine ünsi çekdiler.

Eýranly alymlar öz açyk hatynda prezident Rohaniden öz soraglaryna jogap bermegi talap edýärler.

“Sayed Emaminiň tussag edilmegine we ölümine degişli myş-myşlar ynanar ýaly däl" diýlip, alymlaryň hatynda bellenýär.

“Biz umuman siziň işi çynlakaý derňemek üçin dessine we netijeli hereket etmegiňize hem bu agyr ýitgä baş goşan guramalaryň jogapkärçilige çekiljegine garaşýarys" diýlip beýanatda bellenýär.

Nýu Ýorkda ýerleşýän HRW guramasy Eýranyň häkimiýetlerini Saýed Emaminiň jesediniň “garaşsyz we açyk” barlanmagyna rugsat bermäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG