Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat-Balkan: Ýol heläkçiliginde azyndan dört adam öldi


Türkmenistanda bolan ýol heläkçilikleriniň biri. Arhiwden alnan surat

Aşgabat-Balkan asfalt ýolunda mikroawtobus bilen ýeňil awtoulagyň ýol heläkçiligine uçramagy netijesinde, azyndan dört adam öldi we başga-da 10-a golaýy ýaralandy diýip, Azatlygyň ýerli habarçylary aýdýarlar.

Aşgabatdan Balkana sapar edýän mahaly waka şaýat bolan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýewiň sözüne görä, ýol heläkçiligi 9-njy fewralda Türkmenbaşy şäherinden ortaça 80 kilometr uzaklykda ýerleşýän Belek şäherçesiniň golaýynda bolupdyr.

“12 adama çenli ýolagçy alyp bilýän mikroawtobus bilen ‘Volvo’ atly ýeňil awtoulag çakyşypdyr. Meniň gözüm bilen görenim, şol ýerde-de dört adam wepat bolupdyr. Başga kimiň nähili ýagdaýdadygyny güwä geçip aýdyp biljek däl. Sebäbi men şol ýerden gaýdanymda-da, özüne gelip bilmän ýatan 7-8 töweregi ýaradar bardy” diýip, Bugaýew gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ýol heläkçiliginiň bolmagyna, gurluşygy indi 20 ýyldan gowrak wagt bäri tamamlanmaýan Aşgabat-Balkan ýolunyň ýaramazlygy we ýol belgileriniň ýoklugy sebäp boldy.

“‘Volvo’ markaly awtoulag ýoluň beýleki tarapyna geçmändigi üçin maňlaýma-maňlaý 12 orunlyk mikroawtobus bilen çaknyşypdyr. Meselem, köçäniň sagyndan çepine, çepinden sagyna geçmelidigini görkezýän köçe-ýol hereketiniň belgileri ýok. Şolar goýulmadyk” diýip, Bugaýew aýtdy.

Ýatlap geçsek, uzynlygy ortaça 570 kilometre barabar bolan Aşgabat-Balkan asfalt ýolunyň gurluşygyna 1990-njy ýyllaryň birinji ýarymynda başlanyp, şonda resmi metbugatda berlen maglumatlarda, ýoluň abatlaýyş işleriniň 2003-nji ýylda doly tamamlanjakdygy aýdylypdy.

Ýöne ýakynda awtoulag arkaly Balkan welaýatyndan Aşgabada gelen Bugaýew, döwlet mediasynda Aşgabat-Türkmenbaşy aralygyndaky asfalt ýoluň gurluşygynyň doly tamamlanyp, ulanyşa berlendigi aýdylsa-da, onuň 300 kilometrden gowrak bölegindäki abatlaýyş işleriniň henizem tamamlanman gelýändigini we munuň ýolagçylara hem howpsuzlyk, hem-de barjak ýerine öz wagtynda barmak nukdaýnazaryndan, agyr kynçylyk döredýändigini aýdýar.

“570 kilometriň her 2 kilometrinden ýoluň ýa sagyna, ýa-da çepine geçmeli. Käýerde 1970-nji ýyllarda düşelen asfalt dur. Käbir ýerde-de indi ýaýradylmaly asfalt depleri dur. Ýolda awtomobil heläkçiliklerem, adam pidalaram häli-şindi ýüze çykyp dur” diýip, Bugaýew bu ýagdaýyň hem ýolagçy, hem-de sürüjiler üçin howp abandyrýandygyny belleýär.

Galyberse-de, Aşgabat-Balkan ýolunyň mundan üç ýyl çemesi öň abatlanyp, doly ulanyşa berlen böleginiň hem hatardan çykyp başlandygy aýdylýar. Türkmenbaşy-Nebitdag aralygyndaky asfalt ýolda jaýryklaryň, çukurlaryň we oýuklaryň emele gelendigini, Azatlygyň habarçylary belleýärler.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň “Awaza” syýahatçylyk zolagynda we Çelekeniň deňiz kenarynda dynç almak isleýänleriň ählisi hem şu ýoldan sapar etmeli bolýarlar.

Türkmen häkimiýetleri bu ýoluň gurluşygynyň näme üçin tamamlanmaýandygy barada henize çenli ilat köpçüligine maglumat ýa-da düşündiriş bermän gelýän. Şeýle-de, ýurtda ýol heläkçiliklerinde ölýänleriň sany baradaky statistiki maglumatlar hem elýetersiz bolmagynda galýar.

Şol bir wagtyň özünde, Aşgabat-Balkan ýolunyň häzirki ýagdaýy, onda emele gelýän ýol heläkçilikleri we ýolagçylaryň, sürüjileriň başdan geçirýän ýagdaýlary barada, türkmen mediasy hem häzirlikçe dymyp gelýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG