Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oksford sözlügi tatar dilini özüniň global internet sanawyna goşdy


Kazandaky mekdepleriň birinde tatar dili sapagy

"Oxford Global Languages (OGL)" diýen at bilen tanalýan Oksford dil guramasy tatar dilini özüniň internet sözlügindäki dilleriň sanawyna goşdy. Şeýlelikde, tatar dili bu sanawa goşulan ilkinji türki dil boldy.

Internet sözlügi sözleri we şygarlary tatar dilinden iňlis diline hem tersine derrew terjime edip bilýär.

Oksford sözlüginiň müdiri Juda Pearsall 31-nji ýanwarda çap edilen metbugat beýannamasynda, tatar diliniň özüniň köki taýdan orta asyrdan hem gadymyýetden gözbaş alýan gadymy baý dillerden biridigini belläpdir.

Pearsall, tatarça gepleşýän adamlaryň ruhy hem medeni baýlygynyň "Oxford Global Languages" maksatnamasy çäginde global sözlüge goşulmagynyň şol dilde gepleşýän jemgyýetleriň kämilleşmegine hyzmat etjegini aýdýar.

Kazanyň döwlet uniwersitetiniň Lew Tolstoý adyndaky Filologiýa institutynyň professory Golşat R. Safiullina bolsa, bu tagallanyň tatar medeniýeti bilen dilini dünýä tanatjagyny nygtaýar.

2015-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri işläp gelýän "OGL Oxford Dictionaries" guramasy dünýäniň 100-den gowrak diliniň leksikografik we başga aýratynlyklaryny ýygnap, olary internet hyzmatyna goşýan global edaradyr.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG