Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şwesiýada ýük ulagly adam öldüren özbegistanly hüjümçi günäni boýun aldy


Rahmat Akilowyň

2017-nji ýylyň aprel aýynda Şwesiýada ýük ulagly hüjüm etmekde güman edilýän özbegistanly Stokgolmda geçirilen sud diňlenişiginiň birinji güni günäni boýun aldy.

13-nji fewralda geçirilen diňlenişikde Rahmat Akilowyň aklawçysy Özbegistanda doglan öz müşderisiniň “gorky” döretmek we Şwesiýanyň “Yslam döwleti” ekstremist toparyna garşy söweşýän ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara koalisiýasyndan çykmagyny gazanmak maksadyna eýerendigini aýtdy.

Akilow ýük ulagyny ogurlamakda we ony 7-nji aprelde Stokgolmyň köçesinde pyýadalaryň üstüne sürmekde aýyplanýar. Prokurorlar 39 ýaşly Akilowyň ömürlik türme tussaglygyna höküm edilmegini soradylar. Polisiýa onuň “kapyrlary” ýok etmek üçin hüjümi amala aşyrandygyny boýun alandygyny mälim etdi.

“Prokurorlaryň aýdyşy ýaly Akilow ýük ulagyny alyp, ony ugruna sürüpdir. Ol bäş adamy öldüripdir we 10 adama şikes ýetiripdir” diýip, Akilowyň aklawçysy Johan Eriksson Stokgolmyň etrap sudunda aýtdy.

Eriksson öz müşderisiniň gorky döredip, Şwesiýanyň YD toparyna garşy halkara koalisiýasyna gatnaşmagyny bes etmegini isländigini belledi.

XS
SM
MD
LG