Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Adam hukuklaryny goraýjylar özbek hökümetini žurnalistiň gynalmagyny derňemäge çagyrdylar


Žurnalist Bobomurod Abdullaýew

Adam hukuklaryny goraýjy 12 sany gurama Özbegistanyň hökümetini “öz pikirini beýan etmek hukugyndan parahatçylykly peýdalanmagy üçin tussag edilen” žurnalisti we beýleki adamlary boşatmaga çagyrdylar.

“Human Rights Watch” we ýene 11 gurama 13-nji fewralda ýaýradan beýanatynda Daşkenti garaşsyz žurnalist Bobomurod Abdullaýewiň “gynamalara we erbet daramalara sezewar edilmegi” baradaky maglumatlary “içgin , bitarap we garaşsyz” barlamaga çagyrdy.

Abdullaýew sentýabr aýynda “konstitusion režimi agdarmak üçin dildüwüşikde” aýyplanyp tussag edilipdi.

Oktýabr aýynda özbek häkimiýetleri tanymal ykdysadyýetçi we bloger Haýot Nasritdinowy tussag edipdi.

Häkimiýetler Nasritdinowy we beýlekileri, şol sanda 2016-njy ýylda tussag edilen Akrom Malikowy hökümeti agdarmak üçin dildüwüşik gurnamakda aýyplady. Abdullaýewiň hossarlary onuň deslapky tussaghanada gynamalara sezewar edilendigini aýtdylar.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG