Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran milli puly rialyň rekord derejesinde gowşamagyna garşy çärelerini yglan etdi


Eýranyň Merkezi bankynyň başlygy Waliollah Seif

Eýranyň Merkezi Banky ýurduň milli puly rialyň rekord derejesinde gowşamagyna garşy çärelerini yglan etdi. Bir gün öň polisiýa Tähranyň köçelerinde daşary ýurt walýutasyny alyp-satýan söwdegärlere garşy çäre geçirdi.

Merkezi Banky 15-nji fewralda çap eden öz beýanatynda, şu hepdede milli pul birliginiň amerikan dollary babatynda 48,4 görkezijisine ýetenson, banklaryň bähbidiniň mukdaryny artdyrmaga rugsat berýändigini mälim etdi.

“Biz bu ýagdaýdan çykmak üçin elýeterli ähli mümkinçilikleri ulanarys we bazarda durnuklylygy gazanarys” diýip, Merkezi bankyň başlygy Waliollah Seifiň aýdandygyny ýurduň mediasy habar berdi.

Merkezi Bankynyň sentýabr aýynda banklaryň teklip edýän stawkalaryny çäklendirmek planyny yglan etmeginden soň, Eýranyň milli puly real amerikan dollaryna görä öz hümmetiniň dörtden bir bölegini ýitirdi.

Şeýle-de realyň hümmetiniň gowşamagyna ABŞ-nyň Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirmek boýunça 2015-nji ýylda baglaşylan halkara ylalaşygyndan çykmak barada eden haýbaty hem täsir ýetirdi.

XS
SM
MD
LG