Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Orsýeti 2017-nji ýylyň kiber hüjümlerinde aýyplady


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

ABŞ Orsýeti geçen ýylda NotPetya programmasy arkaly amala aşyrylan kiber hüjümlerde aýyplady we Moskwanyň adyna sanksiýalar barada duýduryş berdi.

ABŞ-nyň 15-nji fewralda çap eden gysga, emma ýiti mazmunly bu beýanaty Britaniýanyň Orsýeti 2017-nji ýylda tutuş Ýewropa boýunça kompaniýalaryň ençemesine zeper ýetiren kiber hüjümlerde aýyplamagynyň we günbataryň şeýle “bilkastlaýyn” hereketlere mundan beýläk çydam etmejegini duýdurmagynyň yzýanyna gabat geldi.

“2017-nji ýylyň iýun aýynda Orsýetiň harbylary taryhda iň weýrançylykly we gymmatbaha kiber hüjümini amala aşyrdylar” diýip, Ak Tam aýtdy.

Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda “Orsýetiň hökümeti, esasan-da Orsýetiň harbylary” hüjümlere jogapkärdir diýilýär.

“Bu wakany köpçülikleýin nygtamak boýunça karar Britaniýanyň we onuň ýaranlarynyň bilkastlaýyn kiber hereketlere çydam etmejegini görkezýär” diýlip, beýanatda aýdylýar.

Britaniýanyň Goranmak sekretary Gawin Williamson Orsýeti “demokratiýanyň ähmiýetini gaçyrmakda, möhüm infrastrukturany nyşana alyp, durmuşy weýran etmekde we maglumaty ýarag hökmünde ulanmakda” aýyplady.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow Britaniýanyň çaklamalaryny düýpsiz atlandyryp, ret etdi we onuň käbir günbatar ýurtlary tarapyndan alnyp barylýan “rusofobiýa” kampaniýasynyň bir bölegidigini aýtdy.

Orsýet NotPetya kiber hüjümleriniň jogapkärçiligini geçmişde ret edipdi we hüjümleriň zarbasyna sezewar bolanlaryň arasynda Orsýetiň kompaniýalarynyň hem bolandygyny belläpdi.

NotPetya kiber hüjümleri Ýewropa ýaýramazdan öň Ukrainada başlanyp, hökümet we biznes kompýuter sistemalaryna zeper ýetiripdi. Kiber hüjümleriň kompaniýalara ýetiren zyýany 2.1 milliard dollar möçberinde kesgitlenýär.

Ýewropanyň ençeme kompaniýasy, şol sanda Britaniýada ýerleşýän “Reckitt Benckiser” kompaniýasy agyr zyýan çekipdi.

Orsýetiň döwlet nebit kompaniýasy “Rosneft” we ABŞ-nyň derman öndüriji “Merck” kompaniýasy hüjümden ejir çeken şirketleriň arasyna düşüpdi.

2017-nji ýylyň ýanwar aýynda çap bolan hasabata görä, ABŞ-nyň aňtaw gulluklary prezident Wladimir Putiniň görkezmesi boýunça Orsýetiň 2016-njy ýylda ABŞ-nyň prezidentlik saýlawlaryna täsir ýetirmek üçin kiber hüjümler we propaganda bilen bagly tagallalary amala aşyrandygy barada netijä gelipdirler.

ABŞ-nyň Adalat departamenti we Kongressiň üç sany komiteti Orsýetiň we prezident Donald Trampyň öňki geňeşçileriniň arasynda güman edilýän aragatnaşyk boýunça hem derňew geçirýärler.

Orsýet ABŞ-nyň saýlawlaryna täsir ýetimek baradaky çaklamalary ret edýär, Tramp arabaglanyşygyň bolmandygyny aýdýar.

Orsýetiň kiber aktiwligi bilen bagly çaklamalar Orsýetiň we Günbataryň arasyndaky dartgynlylyga goşant goşdy.

XS
SM
MD
LG