ABŞ-nyň uly žýurisi 13 orsýetlä we rus kompaniýalaryna, şol sanda “Rus troll zawody” diýip bilinýäne garşy ABŞ saýlawlaryna gatyşmak we beýleki aýyplamalar boýunça günä bildirdi.
16-njy fewralda ýörite hukuk geňeşçisi Robert Mýulleriň edarasy tarapyndan çap edilen aýyplamalar Mýulleriň ABŞ-daky rus agentleriniň işjeňlikleri boýunça geçirýän çuň derňewlerinde şu wagta çenli ýüze çykarylan iň düýpli jenaýat aýyplamalary bolup durýar.
Mýulleriň edarasy tarapyndan çap edilen sud dokumentlerinde žýuri rus guramalarynyň ABŞ-nyň syýasy proseslerine baryp 2014-nji ýyldan bäri gatyşyp başlandyklaryny aýdýar.
Dokumentde aýyplanýanlaryň käbiriniň özlerini “ABŞ adamlary” edip görkezendigi we soňra prezident Donald Trampyň saýlaw kampaniýasy bilen ilteşiklei adamlar bilen gatnaşyk gurandygy bellenilýär.
Aýyp bildirilen şahslaryň arasynda Ýewgeniý Prigožin hem bar, ol prezident Wladimir Putin bilen gatnaşyklary üçin “baş aşpez” diýip tanalýar.
Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!