Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede iş rugsadyny almak isleýän türkmen migrantlary näme etmeli?


Türkiýede iş rugsadyny alan türkmen migrantlary
Türkiýede iş rugsadyny alan türkmen migrantlary

Türkiýäniň Iş we sosýal üpjünçilik ministrliginiň golaýda çap eden sanawynda Türkmenistan 2017-nji ýylda iş rugsadyny alan zähmet migrantlarynyň arasynda san taýdan 6-njy orynda durýar.

Resmi dokumentde tassyklanylmagyna görä, geçen ýyl Türkiýede 3847 sany türkmenistanly zähmet migranty iş rugsadyny aldy.

Emma muňa garamazdan, Türkiýedäki zähmet migrantlarynyň sanynyň ýüzlerçe müňe ýetýändigi we olaryň aglaba köpçüliginiň bikanun ýagdaýda işleýändigi hem aýdylýar.

Azatlyk Radiosy Türkmenistandaky we Türkiýedäki diňleýjilerden gelip gowuşýan köpsanly islegleri nazarda tutup, "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu sanyny olaryň soraglary esasynda Türkiýede iş rugsadyny almagyň şertlerine gönükdirýär.

Stambuldaky "Turkpermit" atly hukuk geňeşdarlygy firmasynyň başlygy, hukuk geňeşçisi Murat Erşahin Azatlyk Radiosynyň diňleýjilerine köne ýa-da täze pasportly bikanun ýagdaýdaky türkmen zähmet migrantlary bilen Türkmenistandan işlemäge gelsem diýýänleriň Türkiýede iş rugsadyny nähili alyp biljegi barasynda bar bolan kanuny çözgütleri gürrüň berýär.

Gepleşigi diňläp, bu ugurdaky tejribeleriňizi ýa-da pikirleriňizi aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.

Türkiýede iş rugsadyny almak isleýän türkmen migrantlary näme etmeli?
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

XS
SM
MD
LG