Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zarif: Tähran özüniň raketa programmasyny halkara kontrollygynda saklamaz


Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif
Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif

Tähran özüniň raketa programmasyny halkara kontrollygynda saklamaz diýip, 19-njy fewralda Moskwada Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp beýleki üýtgetmeler bilen bir hatarda, Tähranyň ballistik raketany özleşdirmegi anyk gadagan edilmese, onda 2015-nji ýylda Eýran bilen dünýäniň kuwwatly ýurtlarynyň arasynda baglaşylan ýadro ylalaşygyny yza çekmekde haýbat atdy.

Zarif Eýranyň öz raketa programmasyna ýurduň daşyndan gözegçilik edilmegini kabul etmäge taýýardygy ýa-da däldigi barada berlen soraga: “Biz muny näme üçin etmeli?” diýip, jogap berdi.

Hereket etmek boýunça bilelikdäki köptaraplaýyn plan (JCPOA) diýlip atlandyrylýan ylalaşyk Eýrana garşy girizilen halkara sanksiýalaryny gowşatmak arkaly Tähranyň ýadro programmasyny çäklendirmegi maksat edinýär.

“Birleşen Ştatlaryň prezidentiniň uly maksatlary bar, ýöne bular hiç haçan hakykata öwrülmez” diýip, “Waldaý” diskussiýa klubynyň ýygnagyna gatnaşmak üçin Moskwa baran Zarif belledi.

XS
SM
MD
LG