Orsýetiň häkimiýetleri ilatynyň aglabasy musulmanlardan ybarat Demirgazyk Kawkaz respublikasy Dagystandaky prawoslaw kilisede bäş adamy öldürenden soň, howpsuzlyk güýçleri tarapyndan atylyp öldürilen şübheli ýaragly adamyň şahsyýetini mälim etdi.
Kizlýar şäherçesiniň häkimligini 19-njy fewralda beren maglumatynda, agzalýan hüjümiň jogapkäri 22 ýaşyndaky Halil Halilow diýip atlandyryldy we onuň Dagystanyň Tarumowskiý etrabyndandygy mälim etdi.
Resmiler 18-nji fewralda ýerli rus prawoslaw kilisesinde bolan wakada başga-da dört adamyň ýaralanandygyny, olardan biriniň saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdylar.
Wakada öldürilenleriň ählisiniň aýaldygy habar berilýär. Ýaralananlaryň üç sanysy Orsýetiň Milli gwardiýasynyň agzalarydyr.
“Yslam döwleti” terrorist topary özüniň “Amak” maglumat gullugy tarapyndan ýaýradan beýanatynda hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?