Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda geçen ýyl alnyp gaçylan dokuz adamyň jesedi tapyldy


Owganystanyň Nangarhar welaýatynyň kartasy

Owganystanda geçen ýylyň başynda söweşijiler tarapyndan alnyp gaçylan parahat ilatdan dokuz adamyň jesedi ýurduň gündogaryndaky Nangarhar welaýatynda tapyldy diýip, 19-njy fewralda owgan resmisi we tire-taýpa ýaşulysy aýtdy.

Kot etrabynyň häkimi Saýed Rahman Mohmandyň aýtmagyna görä, bu jesetler, şol sanda üç tire-taýpa lideriniň jesedi geçen hepdäniň ahyrynda umumy bir mazarda tapyldy. Mohmand bu mazaryň ýerli ýaşaýjylar tarapyndan Açin etrabynda tapylandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Gürrüňi edilýän dokuz adam söweşijiler tarapyndan alnyp gaçylypdy we olaryň ykbaly häzire çenli nämälimdi.

Tire-taýpa liderleri hem jesetleriň tapylandygyny tassyklap, olaryň jaýlanyş çäresiniň 19-njy fewralda amala aşyryljakdygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG