Türkiýäniň Zähmet we sosial goraglylyk ministrligi 2018-nji ýylda ýurtda 87 müň sany daşary ýurtla iş rugsatnamasynyň berlendigini, olardan 3 müňden gowragynyň Türkmenistanyň raýatydygyny aýdýar.
Türkiýäniň “SonDakika” neşirinde çap edilen maglumata görä, geçen ýyl 100 müňden gowrak adam Türkiýede işlemek üçin ýörite rugsatnamany almak barada arza tabşyrypdyr. Şol arzalaryň 87 190 sanysy kabul edilipdir.
“Arzalaryň netijesine görä, 20 970 siriýala, 7317 gürjüstanla, 6360 gyrgyzystanla, 5761 ukrainala, 4288 hytaýla, 3847 türkmenistanla, 3055 hindistanla we başga-da daşary ýurtlylaryň ençemesine iş rugsatnamasy berildi” diýip, neşir Türkiýäniň Zähmet we sosial goraglylyk ministrliginiň maglumatlaryna esaslanyp ýazýar.
Soňky ýyllarda Türkiýe türkmen raýatlarynyň iş gözleginde gelýän esasy ýurtlarynyň başynda agzalýar. Ýöne bu ýurtdaky türkmenistanly migrantlarynyň ýüzlerçesiniň iş rugsatnamasy bolmazdan bikanun ýagdaýda işleýändigi we munuň olara zähmet hakyny hem-de dynç alyş günlerini öz wagtynda almakda käbir kynçylyklary döredýändigi aýdylýar.
Şol bir wagtyň özünde, türkmen emeldarlary daşary ýurtlarda, şol sanda Türkiýede işleýän türkmen migrantlarynyň sany baradaky statistiki maglumatlary häzirlikçe ilat köpçüligine mälim etmän gelýärler.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.