Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poroşenko öňki ukrain prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň gaýybana suduna gatnaşar


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko

Prezident Petro Poroşenko öňki prezident Wiktor Ýanukowiçiň dönüklikde aýyplanmagy bilen baglylykda geçirilýän sud diňlenişiginde şaýat hökmünde çykyş eder.

Ukraina Moskwa tarapdar öňki lideri Ýanukowiçiň ýurt başyndan çetleşdirilmegine getiren Ýewromaýdan protestleriniň iň ganly senesiniň ýyl dönümini belleýär. 2014-nji ýylyň 20-nji fewralynda Kiýewiň polisiýasy bilen çaknyşykda wepat bolan protestçileriň hatyrasyna matam tutulýar.

Poroşenko dört ýyl mundan ozal protestlere garşy durmakdan gaçyp, ýurduny terk eden we Orsýete giden Ýanukowiçiň işi boýunça gaýybana geçirilýän suda gatnaşjagyny tassyklady.

“Zulum jezalandyrylmaly. Şu sebäpden Ukrainanyň taryhynda ilkinji gezek men suda gatnaşmak kararyna geldim” diýip, Poroşenko 18-nji fewralda aýtdy.

Ýewromaýdan hereketi 2013-nji ýylyň noýabr aýynda Ýanukowiçiň Ýewropa Bileleşigi bilen bileleşmek boýunça ylalaşygyny goýbolsun etmek we Orsýet bilen ýakynlaşmak kararyna garşy çykan protestçileriň Kiýewiň merkezinde ýygnanyşmagy bilen başlanypdy. Ukrainanyň prokuraturasy protestleriň dowamynda 104 adamyň wepat bolandygyny we 2500 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG