Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanly hüjümçi Şwesiýany YD garşy göreşden saklamak maksadyna eýerendigini aýtdy


Rahmat Akilow
Rahmat Akilow

Stokgolmda bäş adamy öldürendigini boýun alan özbegistanly öz hereketiniň maksadyny Şwesiýany “Yslam döwleti” (YD) ekstremist topara garşy göreşden çekilmäge mejbur etmek islegi bilen düşündirdi.

“Men Şwesiýanyň “Yslam döwleti” toparyna hüjüm edilýän uruş zolaklaryna esger ibermegini duruzmak isläpdim” diýip, günälenýän Rahmat Akilow 20-nji fewralda Şwesiýanyň paýtagtynda geçirilen sud diňlenişiginde aýtdy.

39 ýaşly Akilow 2017-nji ýylyň 7-nji aprelinde ýük ulagyny ogurlap, ony köp adamly köçede märekäniň üstüne sürmek bilen terrorçylyga baş goşmakda aýyplady.

Hüjümiň netijesinde üç şwesiýaly, şol sanda 11 ýaşly gyz, britaniýaly erkek adam we belgiýaly zenan wepat boldy.

Ýene 10 adam ýaralandy. Sudda orsça çykyş eden Akilow Şwesiýanyň “halifata garşy göreş üçin ägirt uly möçberde pul ibermegini bes etmegini isländigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG