Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda prezidenti garşy aljak adamlara ‘artykmaç gürlemezlik’ tabşyryldy


Türkmenistanda geçirilen açylyş dabaralarynyň birine gatnaşýan ýaşlar. Arhiwden alnan surat
Türkmenistanda geçirilen açylyş dabaralarynyň birine gatnaşýan ýaşlar. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanyň Lebap welaýatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparyna görülýän taýýarlyklar güýçlendirilip, bu çäre bilen bagly döwlet edara-kärhanalarynda ýörite ýygnaklar geçirildi.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylarynyň tassyklamagyna görä, bu ýygnaklar 19-njy fewralda welaýatyň döwlete degişli edara-kärhanalarynyň tas ählisinde diýen ýaly geçirilip, Berdimuhamedowy garşy aljak ýa-da onuň geçjek ýolunda janly koridor bolup durjak adamalara “artykmaç gürlemezlik” tabşyryldy.

“Çärä gatnaşjak adamlara prezidenti garşy almak üçin duran ýerinde artykmaç agzyny açmazlyk, ýagny artyk gürlemezlik tabşyryldy. Adamlaryň gürleýän zatlarynyň diňlenjekdigi we munuň hem adamyň özüne, hem-de onuň işleýän edarasyna problema döredip biljekdigini duýdurdylar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran habarçymyz döwlet işgärleriniň onlarçasyna salgylanyp gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol türkmen lideriniň ýurduň gündogar welaýatyna etjek saparyndan bir gün öň, käbir döwlet edara-kärhanalarynda işgärleriň gije işe çykmaly edilendigini hem sözüniň üstüne goşdy.

“Prezidentiň garşy alynjak etraplarynda edara-kärhana işgärleri ýekşenbe güni, ýagny 25-nji fewralda gije sagat 11:00-da iş ýerinde ýygnanmaly. Olar irden we öýläne çenli durarlar. Şäherliler bolsa, öýlän sagat 2-den giçlige çenli bolarlar” diýip, habarçymyz türkmen liderini garşy aljak adamlara geýmeli uniformalarynyň, ýagny bir reňkdäki ýörite egin-eşikleriniň ýene bir gezek ýatladylandygyny belledi.

Aýdylmagyna görä, şu günler döwlet işgärleri öň prezidenti garşy almak ýa-da beýleki döwlet çärelerine gatnaşan adamlardan ak reňkdäki penjegi sorap, olardan wagtlaýyn almaga synanyşýarlar. Penjek tapmadyklar bolsa, goşmaça çykdajy edip, bazardan täzesini almagyň aladasyny edýärler.

“Bir penjegiň bahasy 700 manatdan 1000 manada çenli ýetýär. Pul hiç kimde diýen ýaly ýok. Aýlyklary wagtynda bermeýärler. Hususan-da, etraplarda aýlyklary saklaýarlar. Käbir adamlaryň täze penjegi satyn almaga puly bolmany üçin, ak ştapl matadan don tikinýärler. Onam dürli reňkdäki penjegiň üstünden geýmegi planlaşdyrýarlar” diýip, habarçymyz belledi.

Ýatladyp geçsek, Berdimuhamedowy garşy aljak adamlaryň uniforma, ýagny ak reňkdäki ýörite bir meňzeş geýimi geýmelidigi barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary mundan bir hepde çemesi öň habar beripdiler. Şonda olar erkek kişileriň mekdepde geýilýän ak reňkdäki sport formasyny doly görnüşde, aýal-gyzlaryň bolsa, onuň ýokarky bölegini, ak reňkde ýubka we ak kepka – papak geýmeli edilendigini aýdypdylar.

Türkmen lideriniň 26-njy fewralda Lebaba etjekdigi aýdylýan saparyna indi bir aýdan gowrak wagt bäri taýýarlyk görülýär. Azatlygyň habarçylary welaýatyň döwlete degişli we söwda edaralarynyň ählisinde diýen ýaly barlaglaryň güýçlendirilip, raýatlaryň aw tüpeňleriniň hem ýygnalýandygyny aýtdylar.

Şeýle-de, býujet işgärleri ýowarlara gatnaşdyrylyp, şäheriň köçelerine täze asfalt düşemek işleri hem geçirilýär. Prezidentiň geçmegine garaşylýan köçelerdäki ýaşaýyş jaýlaryň köçe tarapy ak reňke, olaryň üçegi bolsa ýaşyl reňke boýalýar.

Galyberse-de, Berdimuhamedowyň bu sapary barada häzirlikçe türkmen mediasynda maglumat berilmeýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary we ýerli çeşmeleri türkmen lideriniň Türkmenabatda täze aeroportyň açylyş dabarasyna gatnaşjakdygyny aýdýarlar.

Mundan öň prezidentiň ýurduň gündogar welaýatyna ýanwar aýynyň ahyryna sapar etjekdigi aýdylypdy. Bu saparyň yza tesdirilmeginiň sebäpleriniň Lebapda açyljak täze aeroportyň gurluşygynyň göz öňünde tutulan wagtda tamamlanmazlygy bilen baglanyşykly bolmagynyň ähtimaldygyny, Azatlygyň habarçylary belläpdiler.

Türkmen mediasynda ýurduň regionlarynda prezidentiň “uly şowhun we şatlyk” bilen garşy alynýandygy görkezilse-de, oňa raýatlaryň mejbury gatnaşdyrylmagy, şeýle-de bu dabaranyň näçe adamyň iş, okuw we dynç alyş wagtyny alýandygy barada hiç zat aýdylmaýar.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Berdimuhamedow soňky gezek Lebap welaýatynda geçen ýylyň 27-nji noýabrynda iş saparynda bolupdy.

XS
SM
MD
LG