Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenler Azerbaýjana ýykgyn edip başlady, käbiri 'gaçakçylykda saklandy'


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda dowam edýändigi aýdylýan ykdysady kynçylyklaryň fonunda, käbir türkmen raýatlarynyň iş ýa-da başga gazanç çeşmeleriniň gözleginde daşary ýurtlara çykmaga has köp ýykgyn edýändigi habar berilýär. Has takygy, Azerbaýjandan habarlar çap edýän haqqin.az neşiriniň 16-njy fewralda Azerbaýjanyň döwlet resmilerine we edaralaryna salgylanyp ýaýradan maglumatynda soňky wagtlarda öz ýurtlaryna gelýän türkmenistanlylaryň sanynyň günsaýyn köpelýändigi, olaryň käbirleriniň gaçakçylyk bilen meşgullanýandygy öňe sürülýär.

Habarda aýdylmagyna görä, Bakuwyň Deňiz menzili goňşy Türkmenistandan Azerbaýjana gelýänleriň sanynyň gün-günden artýandygyny mälim edipdir.

Şeýle-de golaýda, Bakuwyň Halkara deňiz portunyň gümrük gullugy gaçak görnüşde Azerbaýjana gyzyl geçirmekçi bolan türkmen raýatlaryny saklapdyr. Ýagny, “Bagtyýarlyk” ýolagçy paromy bilen Bakuwa gelen türkmen raýatlary Muhammet Çaryýew, Bibimalin Moşyýewa we Oguljennet Pälwanowa dagylar 993 gramlyk altyny deklarasiýasyz, ýagny beýannamada hasaba aldyrmazdan Azerbaýjanyň çägine bikanun görnüşde geçirmekçi bolanda serhetde saklandylar diýip, ady agzalýan neşir Bakuwyň Halkara deňiz portunyň Gümrük gullugyna salgylanyp habar berýär.

Bu ýagdaý boýunça derňew işiniň gozgalandygy aýdylýar.

“Azerbaýjana syýahat edýän türkmenleriň sany artýar”

Türkmenistanda gyzylyň bahasy Azerbaýjandaky bilen deňeşdireniňde has arzan bolansoň, türkmenler öz ýanlary bilen getiren altynlaryny bu ýerde satyp, oňa derek Azerbaýjandan Türkmenistana haryt äkidýärler; bu ýagdaý bolsa öz gezeginde gymmatly metallaryň gaçakçylygyna ýol açýar diýip, neşir öňe sürülýän ýagdaýyň sebäplerini çaklaýar.

Azerbaýjanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň binýadyndaky Döwlet geňeşiniň başlygy Azer Allahweranow gürrüňi gidýän täze tendensiýany tassyklap, ozalkylara garanyňda Türkmenistandan Azerbaýjana gelýän myhmanlaryň sanynyň artýandygyny mälim etdi.

“Sanlyja ýyl mundan ozal Azerbaýjana gelýän türkmenleriň sany minimal derejede galan bolsa, soňky ýyllaryň dowamynda bu san birnäçe esse köpeldi. Munuň esasy sebäbi Türkmenistandaky ykdysady krizisdir. Türkmen raýatlary bu ýerde gyzyllaryny satyp, onuň deregine haryt ýa-da daşary ýurt walýutalaryny satyn alýarlar. Galyberse-de, biziň ýurdumyz türkmenler üçin [özleriniňkä garanyňda] diňe bir has erkin ýurt bolman, eýsem olar üçin biziň ýurdumyz Ýewropa açylýan penjiredir. Gürrüňsiz, bu proses ýurdumyza gelýän salykatly adamlar bilen bir hatarda, dürli awantýuristleriň – gaçakçylaryň, bikanun söwdegärleriň we özüni “ýeňil alyp barýan” zenanlaryň sanyny artdyrar” diýip, Allahweranowyň sözleri neşiriň maglumatynda sitirlenýär.

Azatlyk Radiosy ýokarda agzalýan habarlar barada, ýagny soňky döwürde Azerbaýjana sapar edýän türkmen raýatlarynyň sanynyň artýandygy baradaky gürrüňler dogrusynda goşmaça maglumat almak üçin Azerbaýjanyň Döwlet migrasiýa gullugy bilen habarlaşanda, ilkibaşda bu maglumatyň takyk däldigini aýdan gullugyň jogapkär resmisi soňra bu gürrüňler boýunça hiç hili kommentariý berip bilmejekdigini aýdyp, giňişleýin maglumat üçin öz edaralary bilen elektron hat arkaly habarlaşmagy haýyş etdi.

Ýeňilleşdirilen wiza düzgüni

Beýleki bir tarapdan, ýurduň syýahatçylyk pudagyny ösdürip, mundan gelýän girdejileriň üsti bilen ykdysadyýetini ösdürmegi göz öňünde tutýandygy aýdylýan Azerbaýjanyň soňky döwürlerde wiza ulgamlaryny sadalaşdyrýandygy barada habarlar peýda bolýar.

Azerbaýjan respublikasynyň prezidentiniň ýanyndaky Jemgyýetçilik gullugy we sosial innowasiýalar döwlet agentliginiň türkmen okyjylarynyň dykgatyna ýetirmek maksady bilen Azatlyk Radiosyna iberen hatynda agentligiň durmuşa geçirýän “ASAN Visa” ulgamy barada maglumat berlip, bu sistemanyň Azerbaýjana syýahat etmek isleýän adamlaryň elektron wiza ýüz tutmagyna mümkinçilik döredýändigi, bu ulgam arkaly iberilen elektron wiza ýüztutmalaryna üç iş gününiň dowamynda jogap berilýändigi we şeýle mümkinçiliklerden Türkmenistanyň raýatlarynyň hem peýdalanyp bilýändigi habar berilýär.

Çykalgalar we “dollar turizmi”

Sözümiziň başyndaky daşary ýurtlara çykmaga ýykgyn edýän türkmenistanlylar baradaky gürrüňe dolanyp gelsek, Türkmenistanda dowam edýändigi aýdylýan ykdysady gowuşgunsyzlyk, walýuta çäklendirmeleri, we şuňa meňzeş dürli kynçylyklaryň adamlary seýrek duş gelýän çykalgalary gözlemäge iterýändigini, ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi öňe sürýär.

Şeýle sosial we ykdysady klimatyň fonunda soňky 1-2 ýylyň dowamynda türkmenleriň arasynda ýoň bolan “dollar turizmi” halkyň tapýan çykalgalaryna mysal bolup durýar. Mundan ozal Azatlyk Radiosynda bank kartlaryna Türkmenistandan manat geçirip, Türkiýä ýa-da beýleki daşary ýurtlara baryp bankomatlardan daşary ýurt walýutalaryny çekýän türkmenistanlylaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada dürli maglumatlar çap edilipdi.

XS
SM
MD
LG